Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1167063
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Erdogan: Hasabyň nädip soraljagyny bilýäris” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Zonguldakda eden çykyşynda Täze Zelandiýada guralan terrorçylykly hüjümiň üstünde durup geçendigini habar berýär. Gazet: “50 doganymyzy hyýanatçylyk bilen öldürdiň. Munyň hasabyny berersiň. Täze Zelandiýa hasabyny soramasa, eýdip ýa-da beýdip biz munyň hem hasabyny nädip soraljakdygyny bilýäris” diýip belledi.

Sabah gazedi: “Türkiýeden Indoneziýa gynanç” söz başyly habarynda, Türkiýäniň hökümetiniň sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlar üçin Indoneziýa gynanç bildirendigini mälim edýär. Gazet Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Indoneziýanyň Papua ştatynyň Jaýapura sebitinde aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda we ýer süýşügnlerinde ýogalan adamlara we çekilen zyýanlara gynanç bildirýäris. Ýogalan adamlara Alladan rehnet, dost we dogan Indoneziýanyň halkyna gynanç we ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris” diýendigini nygtaýar.

Hürriýet gazedi: “Pomidor eksportynda eksportçylaryň ýüzleri gülýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň pomidor eksportynyň täze ýyldan bäri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13 göterim artyp 98 million dollara barabar bolandygyny aýan edýär. Gazet Türkiýäniň, Egeý eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, geçen ýyl 53 ýurda 292 million dollarlyk pomidor eksport edendigini beyan edýär. Pomidor eksporty 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-i bilen mart aýynyň 18-i aralygynda, geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 13 göterim artyp 98 million dollara barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa 86,5 million dollarlyk pomidor eksport edilipdi. Pomidor eksportunda 40 millioon dollar bilen Russiýa birinji orny eýeledi. Ruminiýa 13,5 million dollar bilen ikinji orny, 7,3 million dollar bilen Bolgariýa üçünji orny eýeledi.

Watan gazedi: “Araplaryň Türkiýä bolan gyzyklanmasy artýar” söz başyly habarynda, Türk-Arap ýurtlary hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň goldawy bilen 24-26-njy aprel aralygynda Stambulda geçiriljek VI Türk-Arap azyk we azyk tehnologiýalary sergisiniň, 15 Arap ýurdyndan 1500 işewür adamyny, 200-den gowrak türk firmasy bilen duşuşdyrjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Sergi bilen azyk we oba hojalyk pudagynda daşary ýurtlara garaşly bolan Arap ýurtlarynda, türk firmalarynyň bazar paýynyň has ýokary göterilmegi maksat edinilýär.

Haber Türk gazedi: “Saglyk syýahatçylygynda 1 million adamyň ileri tutýan ýurdy Türkiýe” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş syýahatçylygynda Türkiýä gelýän adamlaryň sanynyň 2018-nji ýylda 1 million adama ýetendigini habar berýär.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar