Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1165409
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Wise-prezident Oktaý, Kraýstçerç şäherinde” söz başyly habarynda, Wise-prezident Fuat Oktaýyň, Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde ýurdyň Wise-premýer we Daşary işler ministri Winston Peters bilen duşuşandygyny habar berýär. Gazet duşuşykda Täze Zelandiýadaky 2 metjide guralan terrorçylykly hüjümde ýaralanan türk raýatlarynyň saglyk ýagdaýlary we derňew işi barada maglumat alynyp, hüjümiň şahsy wakadan zyýada guramaçylykly aksiýa bolup biljekdigi sebäpli, Türkiýäniň tejibesi bilen Täze Zelandiýa islendik kömegi bermäge taýýardygyny aýdandygyny nygtaýar.

Hürriýet gazedi: “Stambul howa menzili 7-nji aprelde doly ýagdaýda işlemäge başlaýar” söz başyly habarynda, ähli etaplary tamamlanan mahaly dünýäniň iň uly howa menzili boljak Stambul howa menziliniň 7-nji aprelde doly ýagdaýda işlemäge başlajakdygyny mälim edýär. Häzirki wagtda Türk howa ýollarynyň ýurdyň öz içinde we daşary ýurtlara jemi 23 nokada uçar sapary ama aşyrylýan howa menzili doly ýagdaýda işlemäge başlan mahaly, dünýäniň 300-den gowrak nokadyna uçar sapary amala aşyrylar.

Star gazedi: “Hataý bilen Afriniň arasynda açylan täze gümrük geçelgesiniň adyna Zeýtun şahajygy ady dakyldy” söz başyly habarynda,Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň, Azat Siriýa goşunynyň kömegi bilen geçiren Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Afrin bilen Hataýyň arasynda ýene-de bir täze gümrük gapysynyň açylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Hataýy Afrin we Jinderes bilen birleşdirýän gümrük geçelgesiniň adyna Zeýtun şahajygy ady dakyldy.

Haber Türk gazed: “Microsoft bilen Vodafone, türkçe sifrli asistent TOBI-ni özgertdi” söz başyly habarynda, Microsoft bilen Vodafone kärhanalarynyň, emeli intellekt ugrunda türk dilinde gürleýän bir robot oýlap tapandyklaryny aýan edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýä gelen kruiz gämileri Kuşadasyna barýarlar” söz başyly habarynda, Türkiýä gelen kruiz gämileriniň 58,7 göteriminiň Kuşadasyna barýandygyny beýan edýär. Syýahat gämileri Kuşadasyna şu ýyl 195 sany kruiz gämisini we 170 müň 773 syýahatçyny getirer.


Etiketkalar: #gazet , #Star , #Afrin , #Hataý

Degişli Habarlar