Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1156327
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: Eýranyň çüňke gabalmagy howplydyr” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Eýranyň embargolar bilen çüňke gabalmagynyň sebit üçin howplydygyny we Eýrana goldawlaryny dowam etdirjekdiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Mewlüt Çawuşogly, Ýewropa ýurtlarynda işleýän Palestinanyň ilçileriniň maslahatynda düýn eden çykyşynda mundan başgada: “Iýerusalimiň taryhy we hukuk taýdan statusynyň goralmagy, biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutýan ugurlarymyzyň biridir. Bu biz üçin mukaddes dawadyr. Iýerusalimdäki adalatsyzlyga halkara jemgyýetiň ünsüni çekmek üçin her dürli tagalla edýäris” diýendigini belleýär.

Haber Türk gazedi: “ANKA 2-niň şu ýylyň içinde ilkinji uçuşyny ýerine ýetirmegi maksat edinilýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň täze uçarmansyz howa ulagy Anka-2 ilkinji uçuşyna taýarlanýandygyny habar berýär. Gazet Türk Awiasiýa we emeli hemra senaýatnyň Baş müdüri Temel Kotiliň, “Anka-2-niň dwigatelini 2 gün ozal işletdik. Ulagymyz ilkinji uçuşyny üstümizdäki ýyl amala aşyrar” diýendigini aýan edýär. 2 dwigatelli Anka-2 gözegçilik we hüjüm wezipelerini ýerine ýetirer. 24 sagat uçuş mümkinçiligine eýe boan Anka-2, şol bir wagtda 700 kilogtamdan gowrak ýük daşar

Hürriýet gazedi: “Sirkiň gaplaňlary Turkiş Kargo bilen tebigy ýaşaýyş gurşawyna gowuşdy” söz başyly habarynda, dünýäniň 124 ýurdyna hyzmat berýän we iň çalt ösýän howa ýollary kärhanasyTurkiş Kargonyň, Luja, Çarli, Kai atly gaplaňlar bilen Nathan atly kiçijek erkek gaplaňy, haýwanlaryň hukuklaryna hormat hökmünde Ukrainanyň paýtagty Kiýewden, Stambulyň üsti bilen Günorta Afrikada ýerleşýän tebigy ýaşaýyş zolagyna alynyp gidilendigini belleýär.

Sabah gazedi: “Mardinde maksat 5 million syýahatçy” söz başyly habarynda, Mardine şu ýyl 5 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýandygyny habar berýär. Habarda metjitleri, medreseleri, ybadathanalary, darajyk köçeleri we üýtgeşik öýleri bilen soňky ýyllaryň iň möhüm syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülip barýan we geçen ýyl 3 million syýahatçynyň gelen Mardinde, şu ýyl mart we aprel aýlarynda myhmanhanalardaky dolulyk derejäniň 90 göterime çenli baryp ýetendigi ýazylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Antalýada syýahatçylyk pudagynda 52 göterimlik artyş” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahatçylygynyň paýtagty Antalýanyň, 2019-njy ýyl üçin öňünde 15 million syýahatçy dynç aldyrmagy maksat edinendigini, ýanwar aýyndan soň indi bolsa fewral aýynda hem myhmanhanalardaky dolulyk derejäniň köp bolandygyny beýan edýär. Fewral aýynda Antalýa 50 göterimlik artyş bilen 152 müň syýahatçy geldi. Iki aýlyk jemi syýahatçy sany bolsa geçen ýylyň ilkinji 2 aýy bilen deňeşdirilende 52 göterimlik artyş bilen 292 müň adama ýetdi.



Degişli Habarlar