Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1121923
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Golaýda işe girişeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ýefrat derýasynyň gündogaryna guraljak harby operasiýa barada: “Golaýda Siriýadaky terror guramalaryny täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin işe girişeris. Operasiýamyzy bökdemek isleýän başga terrorçylary hem ortadan aýyrmak bizin borjumyz” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Kalyn: Hiç Türkiýäniň terror guramasyna hemaýat etmegine garaşmasyn” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Siriýadaky harby güýçlerini yzyna çekmek baradaky kararyna kanagatlanma bildirip, Ýefrat derýasynyň gündogaryna guraljak operasiýa barasynda; “Ol ýerdäki kürtler bilen bilelikde asuda ilatyň janynyň we emläginiň goralmagy üçin tagalla edýän esasy ýurt Türkiýe. Emma hiç kim Türkiýäniň terror guramasyna hemaýat etmegine, ony ol ýa-da beýleki görnüşde aklap, legallaşdyrmagyna garaşmasyn” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ruslar bilen doly utgaşyklyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi Jon Boltonyň Siriýa meselesinde pikir alyşmak üçin Ankarada saparda bolýan günlerinde resmi Moskwa bilen strategik başlangyç edendigini ýazýar. Gazet Türk ýaragly güýçleriniň harby güýçleriň arasynda gönüden aragatnaşyk ulgamyny ýola goýandygyny, sebitde utgaşykly işleşmek we üznüksiz aragatnaşygy üpjün etmek üçin açylan ulgam bilen hyzmatdaşlyk mehanizminiň güýje girendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Tuberkulýoza ýykgynlyga sebäp bolýan “gen” kesgitlendi” söz başyly habarynda, Prof.Dr.Taýfun Özçeligiň degişli bolmagyndaky Halkara konsorsiumynyň tuberkulýoz mikrobyna garşy çydamlylygyň azalmagyna sebäp bolýan “TÝK2” atly geni kesgitländigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Troiada soňky 10 ýylyň rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, UNESKO tarapyndan 1998-nji ýylda Dünýäniň medeni mirasy sanawyna goşulan 5 müň ýyllyk medeniýete eý ebolan Çanakgalada ýerleşýän gadymy Troia şäherine 2018-nji ýylda 531,530 adamyň baryp görendigini, şol sanyň soňky 10 ýylyň remordy bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar