Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1109814
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Çawuşogly: ÝPG we PKK bilen soňuna çenli göreşmegimizi dowam etdireris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde geçirlen Daşary işler ministrliginiň býujet gepleşiklerine gatnaşandygyny beyan edýär. Gazet Çawuşoglynyň Mejlisde eden çykyşynda Siriýa serhedinde başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçendigini aýan edýär. Habarda Mewlüt Çawuşoglynyň “ÝPG/PKK we DAIŞ Türkiýä howp salýar. Şol howplary ortadan aýyrmak we terror guramalaryny ýok etmek boýnumyzyň borju” diýendigi bellenýär. Manbij iş meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we Ýefrat derýasynyň gündogaryna operasiýa guralmagy üçin ABŞ bilen geçirilýän gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Manbij iş meýilnamasyny gysga wagtda tamamlajakdygymyza ynanýarys” diýdi.

Watan gazedi: “Akardan anyk ýüzlenme: Asla rugsat bermeris” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde geçirilen 2019-njy ýylyň býujet gepleşiklerinde eden çykyşynda, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Yragyň demirgazygynda barlygyny dowam etdirýändigine ünsleri çekendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Hulusi Akaryň: “Ýurdumyzyň we milletimiziň howpsyzlygy üçin PKK terror guramasy ýerleşýän ýerinden dolulygyna saplanýança çenli operasiýalarymyz dowam eder. Sinjaryň täze bir Kandil bolmagyna asla rugsat bermeris” diýendigini habar berýär.

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň Hindistan bilen söwda kuwwady 8 milliard dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherine guran saparynda eden çykyşynda, ýylyň 11 aýlyk döwründe Türkiýe bilen Hindistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda kuwwadyň 8 milliard dollara ýetendigini belläp: “Bu görkezijide Hindistanyň Türkiýe eden eksporty has uly. Has deňagramly we dowamly bir söwda gatnaşyklary ýola goýmak üçin bilelikde işlemelidiris” diýendigini mälim edýär.

Star gazedi: “Funduk eksportyndan 10 möwsümde 18 milliard dollar girdeji” söz başyly habarynda, Dünýä funduk önümçiliginiň we söwdasynyň agramly bölegini öz elinde saklaýan Türkiýäniň, soňky 10 möwsümde bu önümden 18 milliard dollar girdeji alandygyny habar berýär. Ady agzalan döwürde iň köp girdeji 2 milliard 799 million dollar bilen 2014-2015-nji ýyllarda alynan bolsa, 2012-2013-nji ýyl aralygyndaky möwsümde bolsa 301 müň 193 tonna bilen iň köp funduk satylan möwsüm boldy.

Sabah gazedi: “Mardin, 2018-nji ýylda 3 million syýahatça gujak açdy” söz başyly habarynda, Mardin şu ýylyň 11 aýynda takmynan 3 million syýahatçyny kabul etdi. UNESCO-nyň Bütindünýä Miras sanawyna dalaşgär bolan şäherde dynç alýan myhmanlar, Mardin galasyna we daşdan gurulan öýleri bilen birlikde, din syýahatçylygynyň çäginde Muhammet Pygamberiň aýak yzynyň ýerleşýän ýeri bolan Sitti Radwiýe medresesine, Muhammet Pygamberiň sakgalynyň saklanýan ýeri bolan Uly metjide, Zinjiriýe we Kasymiýe diýilen ýerlere gezelenç edýärler. Turistler mundan başgada, Hristian dininiň agzasy bolan suriýaniler tarapyndan mukaddes hökmünde kabul edilýän Turabdin dagyndaky Melewşe Gabriel monastyry bilen Merýen Ebe ybadathanasyna, Kyrklar ybadathanasyna, Deýrulzafran monastyryna, Melewşe Ýakup monastyryna we Melewşe Dimet monastyryna zyýarat edip, taryha syýahat edýärler.


Etiketkalar: #ÝPG , #PKK , #tonna , #funduk , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar