Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1100839
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Prezident Erdogandan beýanat" söz başyly habarynda, Erdoganyň Argentinadaky G20 Liderler maslahatyndan soň guran Paragwaý we Wenesuela saparlaryny tamamlap, Ankara gaýdyp gelendigini mälim edýär. Gazet Erdoganyň saparyndan gaýdyşyn Ankara Esenboga howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirendigini, Prezident Erdoganyň howa menzilinde eden çykyşynda Günorta Amerika we Karip sebitlerindäki ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny özgertmäge dowam etjekdiklerini aýdandygyny habar berýär. Habarda G20 Liderler maslahatynyň çäginde geçiren ikiçäk duşuşyklaryň üstünde durup geçen Erdoganyň, Jemal Kaşykçy jenaýatyny hem ençeme gezek gün tertibe getirendigini aýdandygy ýazylýar. Gazet Erdoganyň maslahatda mundan başgada Türkiýäniň terrora garşy göreşine berýän ähmiýetini belläp geçendigini, Paragwýa guran saparynda bu ýurdy möhüm bir dost hökmünde görýändigini aýdandygyny, Paragwaýyň Türkiýede ilçihana açjakdygyny aýdandygyny beýan edýär. 

Hürriýet gazedi: "Binali Ýyldyrym: Hytaýy strategik, dost bir ýurt hökmünde görýäris" söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrymyň, Aziýanyň gündogar çetinde ýerleşýän Hytaýyň, günbatar çetinde ýerleşýän Türkiýäniň iki strategik ýurtdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Hytaýa guran saparynyň çäginde düýn Pekinde bolan Binali Ýyldyrymyň, Jongnanhaý döwlet binasynda ýurdyň Premýer ministri Li Kyçiang bilen duşuşandygyny beýan edýär. Habarda Ýyldyrymyň duşuşykda: "Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň Aziýanyň gündogarynda Ýewropanyň merkezine çenli uzap gidýän ýolda ýerleşýän iki möhüm ýurtdan söz edýäris. Hytaýy biz hem özümiz üçin strategik bir dost ýurt hökmünde görýäris" diýendigi ýazylýar. 

Sabah gazedi: "Wenesuelada Emine Erdogana ýörüte konsert" söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdogana Günorta Amerika saparynda ýoldaşlyk eden aýaly Emine Erdoganyň, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň aýaly Siliýa Flores Maduro tarapyndan ýörüte konsert bir garşylanandygyny aýan edýär. Gazet Halkara töwerekde EL SISTEMA diýip tanalýan Wenesuelanyň Milli ýaşlar we çaga orkestry we hor toparynyň, Emine Erdoganyň hormadyna bir konsert berendigini habar berýär. 

Watan gazedi: "Türkiýäniň uzakdan pultly pyýadalary gelýär" söz başyly habarynda, Howpsyzlyk güýçleriniň düzümine beriljek sürüjisiz gury ýer ulaglarynyň tapawutlylygynyň we sanynyň artdyryljakdygyny mälim edýär. Goranyş senagaty edarasy sürüjisiz ulgamlar ugrunda ýerli çözgütleriň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen bagly işlerine aýratyn üns bermäge başlady. Şol çäkde sürüjisiz platformalar, logistiki hyzmatlar, howply meýdanda razwedka we transport hyzmatlary bilen ýokary standartly od açyş güýji we hereket mümkinçiliklerini ulanyp, duşmana ýakynlaşmak we gerek bolan halatynda täsirsiz ýagdaýa getirmek ýaly operasýalarda ulanylmak meýilleşdirilýär. 

Star gazedi: "Türk seriallary Liwanda altyn zamanasyny ýaşaýar" söz başyly habarynda, Türk seriallarynyň arap diline terjime edilip görkezilmäge başlanan ýyly bolan 2007-nji ýyldan bäri Liwanda iň köp tomaşa edilen daşary ýurt seriallarynyň arasynda ilkinji orunlardadygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Liwanlylar ozal tomaşa eden Siriýanyň, Müsüriň we Meksikanyň seriallarynyň ýerine, soňky 10 ýyl bäri türk seriallaryna tomaşa etmäge başlady. Liwanda erkekler esasan hem türk dilini öwrenmek üçin türk seriallaryny görýändigini aýdýan bolsa, zenanlar bolsa hekaýa we aktýor güýji bilen birlikde Türkiýäniň geografik gözelligi, medeniýeti we modasyna gyzyklanma bildirýändikleri üçin tomaşa edýändiklerini aýdýarlar. 

 



Degişli Habarlar