Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1097232
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdoganyň möhüm beýannamasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we Söwda Hyzmatdaşlygy baradaky Hemişelik Toparynyň (İSEDAK) maslahatynda sözlän sözünde söwda gatnaşygynda ýerli pul birlikleriniň ulanylmagy barada çagyryş edip; “İSEDAK-a agza ýurtlar bolup, söwda gatnaşyklarymyzy näçe ösdürsek, şonça güýçleneris. Aramyzdaki söwda gatnaşygynda milli pul birliklerinden peýdalanmagymyz imperialist gandallary çykarmagymyz taýdan iňnän möhüm” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Adalat minstriniň Akyn İpek baradaky analizi: “Kabul edilmesiz” söz başyly habarynda, Britaniýada Fetullahçy terror guramasy FETÖ agza Akyn İpegiň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi baradaky kazyýet işinden degişli kararyň çykmandygyna reaksiýa bildiren Adalat ministri Abdülhamit Gülüň Twitter arkaly beren beýanatynda: “FETÖ agza gaçgak Akyn İpek, Ali Çelik we Talip Büýük dagylaryň yzyna berilmegi baradaky talabymyzyn Britaniýa tarapyndan ret edilmegi kabul edilmesiz karar. Terror guramasynyň agzalary türk kazyýetinde hasabat berýänçä biziň göreşimiz dowam eder” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Pakistana satylan 30 “Atakyň” önümçiligine başlandy” söz başyly habarynda, merkezi Pakistanda ýerleşýän media guramasy “Quwa Group” “T129 ATAK” dik uçarlarynyň ilkinjisiniň öndürilmäge başlanandygyny habar berendigini ýazýar. Gazet Pakistana Türk awiasiýa we kosmos senagaty guramasynyň jemi 30 sany “T129” öndürjekdigini, öndürilmäge başlanan ilkinji dik uçaryň 2020-nji ýylda gowşuryljakdygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Sygan gyzy Gaziantepde” söz başyly habarynda, Amerikanyň Ohio ştatyndaky Bowling Grin uniwersitetinde sergilenen “Sygan gyzy” mozaikasynyň bölekleriniň Türk howaýollaryna degişli tarifli uçar bilen öňňin Türkiýä getirilendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Bolliwudyň meşhur artisti Türkiýä geldi” söz başyly habarynda, Bolliwudyň parlaýan ýyldyzlaryndan Fatima Sana Şaýkyň Türkiýä gelendigini ýazýar. Gazet Stabuly we Kappadokiýany gezip gören Şaýkyň; “Türkiýe barada eşiden zatlarym hasam gowy ekeni. Bu ýerde adamlar iňňän mähirli, myhmansöýer. Tagamlaryňyz iňňän süýji” diýip ýazandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar