Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1088416
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan we Putin Stambulda duşuşar” söz başyly habarynda, 19-njy noýabr duşenbe güni “Türk Akym” tebigy gaz geçirijisiniň denizden geçýän böleginiň tamamlanmagy mynasybetli dabara guraljakdygyny ýazýar. Gazet Prezident R.T.Erdoganyň dabara gatnaşmak üçin Stambula geljek Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen özara duşuşyk geçirjekdigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Kaşykçy jenaýatynyň delillerini Fransiýa berdi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çeligiň Fransiýanyň Daşary işler ministri Ýen İwe Le Drianyň Kaşykçy jenaýaty sebäpli Türkiýäniň adyna aýdan tankydy belliklerine jogap hökmünde jenaýatyň delilleriniň fransuz howpsuzlyk gullugyna berilendigini aýdandygyny ýazýar. Habarda Çeligiň; “Kaşykçy jenaýatynyň ýazgylaryny berdik. Fransiýanyň Daşary işler ministriniň sözlerini ýazgarýarys. Jogapkärçiliksiz beýanat. Şeýle maglumatsyzlyk geň galdyryjy. Fransuz daşary işler ministri mesele bilen gyzyklanmaýan bolsa, ol olaryň meselesi. Öz howpsyzlyk gulluklaryndan habarlary ýok” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Günbatar gara deňizde baý tebigy gaz ätiýaçlarynyň bardygy anyklandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ortaýer deňzi bilen birlikde Gara deňizde-de tebigy gaz burawlaýyş işlerini geçirmäge taýarlyk görýändigini, Gara deňizde “Barbaros” atly seismiki barlag gämisiniň geçiren barlaglarynda günbatar Gara deňizde uly tebigy gaz ätiýajynyň anyklanandygyna ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “24 müň türk lirasy aýlyk bilen ýurduňa dolan” söz başyly habarynda, daşary ýurtlara giden alymlary yzyna getirmek maksady bilen başladylan “Halkara lider gözlegleri maksatnamasynyň” yglan edilendigini ýazýar. Gazet maksatnama laýyklykda ylmy barlagy üçin 1 million türk lirasyna barabar başlangyç tölegi tölenjek alymlar aýda 24 müň lira stipendiýa aljakdygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň ilkinji sürüjisiz metro liniýasy Ýewropada birinji orny eýeledi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji sürüjisiz metro liniýasy bolan Stambuldaky Üsküdar-Ümraniýe-Çekmeköý metro liniýasynyň Halkara jemgyýetlik gatnawlary bileleşigi tarapyndan Ýewropada birinji orna mynasyp görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar