Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1082419
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Prezident Erdogandan ýüzlenmeler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, dünýäderaýatlarynyň ählisini umumy saglygy goraýyş ätýiýaçlandyrmasynyň düzümine alan ýeke täk ýurdyň Türkiýedigini mälim etdi. Gazet Rejep Taýýip Erdoganyň Stambulda hususy mekdepleriň biriniň açylyşyna gatnaşandygyny habar berýär. Habarda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ugrunda geçirilen reformalara ünsleri çeken Erdoganyň: “Raýatlarynyň ählisini umumy saglygy goraýyş ätýiýaçlandyrmasynyň düzümine alan ýeke täk ýurt Türkiýedir. Şolaryň hatarynda ABŞ hem bar. Olar entegem saglygy goraýyş ugrunda reforma geçirmediler” diýendigi beýan edildi. Türkiýäniň birlik we jebislik içinde tapawutly bir derejä ýetjekdigini aýdan Erdogan: “Täze Türkiýe, özi bilen birlikde sebitindäki ähli ýurtlar üçin täp-täze bir dünýäniň gapysyna açar” diýdi.

Haber Türk gazedi: “Çawuşogly Ýaponiýada” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda “Türk daşary syýasaty we Ýakyn Gündogardaky aktual meseleler” temaly seminara gatnaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň Ýakyn Gündogardaky meseleleriň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin uly tagalla edýändigini aýdan Çawuşoglynyň, sebitde ABŞ-nyň kabul eden kararlarynyň we Ysraýylyň hüjümlerini dowam etdirmeginiň ýagdaýy has-da çuňlaşdyrýandygyny gürrüň berendigini belleýär. Siriýa krizisiniň çözülmegi üçin Türkiýäniň tagalla edýändigini aýdan Daşary işler ministri Çawuşogly, Konstitutsiýa komissiýasynyň döredilmegi üçin hem beýleki aktýorlar bilen işleşýändigini aýratyn belledi.

Star gazedi: “Anka, Indoneziýada geçiriljek sergide tanyşdyrylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Awiasia we kosmos senagaty TUSAŞ-yň, Indoneziýada geçiriljek sergä gatnaşjakdygyny mälim edýär. Gazet TUSAŞ tarapyndan berilen beýanata görä kärhananyň, ýurdyň paýtagty Jakartada 7-10-njy noýabr aralygynda geçiriljek Indo Defence sergisine gatnaşjakdygyny beýan edýär. Habarda ozal Indoneziýada gepleşikler geçiren TUSAŞ-yň ýolbaşçylarynyň, bu gezek bolsa türk inženerler tarapyndan öndürilen uçarmansyz howa ulagy Anka-nyň nusgasyny sergide tanyşdyrjakdygy bellenýär.

Sabah gazedi: “Ýumurtga rekorda barýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýumurtga eksportynyň 2018-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 18 göterim artyp,354 million dollara ýetendigini habar berýär. Habarda ýumurtga öndürijileri merkezinden berlen beýanatda, pudagyň eksportynyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 425 million dollara ýetjekdigi we soňky 10 ýylyň rekordynyň goýuljakdygy nygtaldy. Ýumurta pudagynyň 22 milliard ýumurtga bilen ýumurtga önümçiliginde san taýdan dünýäde 9-njy, her ýyl artýan eksporty bilen hem üçünji orny eýeländigi ýatladyldy.

Watan gazedi: “Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 12,5 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, Antalýa welaýatyna 1-nji ýanwar-31-nji oktýabr aralygynda dynç almaga gelen syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 28 göterim artyp, 12 million 531 müň adama ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şu ýyl Antalýa 4 million 624 müň rus syýahatçy geldi. Russiýa Antalýa iň köp syýahatçy iberen ýurt boldy. Antalýa iň köp syýahatçy iberen 2-nji ýurt Germaniýa boldy. Germaniýadan 10 aýda jemi 2 million 198 müň syýahatçy geldi. Sanawyň 3-nji ornunda bolsa Ukraina bar.


Etiketkalar: #Erdogan , #Stambul , #mekdep

Degişli Habarlar