Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1081482
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogandan möhüm ýüzlenme” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň Stambulyň Gämi gurluşygy serkerdeliginde geçirlen Milgem taslamasynyň üçünji gämisi TJG Burgazadanyň Deňiz güýçlerine gowşurlyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar.

Prezident Erdogan dabarada sözlän sözünde soňky döwürde Gündogar Ortaýer deňzinde we Egeý deňzinde başdan geçirlen hadysalaryň ýurduň Deňiz güýçleriniň nähili güýçli bolmalydygyny ýene-de bir gezek görkezendigine ünsi çekdi.

Erdogan “Ýurdumyzyň we Demirgazyk Kipr Türtk Respublikasynyň Gündogar Ortaýer deňzindäki tebigy çeşmeleriniň dürli bahanalar bilen alynmagyny asla kabul etmeris. Biziň hiç kimiň hukugynda we topragynda gözümiz ýok. Biz diňe ýurdumyzyň we doganlarymyzyň hukuklaryny goraýarys. Türkiýesiz Gündogar Ortaýer deňzinde ýada Egeý deňzinde hereket edip bilmezler” diýdi.

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministri Çawuşogly “FETÖ Ýaponiýa öz işini dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Ýaponiýa guraýan saparynyň çäginde Nagoýa şäherinde türk raýatlary bilen duşuşan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň we ekstremist terror guramasy PKK-nyň dünýäniň çar tarapynda iş alyp barmaga dowam edýändigini nygtap, “Şol guramalar Ýaponiýada hem öz işini dowam etdirýär”diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “80 ýurduň wekili Bogaziçi maslahaty üçin gelýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 80 ýurtdan 2 müň syýasatçynyň gatnaşmagynda geçiriljek 9-njy Bogaziçi maslahaty üçin taýarlyk görýändigini habar berýär.

Bogaziçi maslahaty Prezidentiň ýolbaşçylygynda noýabr aýynyň 26-28-de Stambulda geçirler.

“Haber Türk” gazeti “Eýranly syýahatçylar Garedeňiz welaýatyna gelýär” söz başyly habarynda Eýranda iş alyp barýan 40 sany syýahatçylyk gullugynyň wekiliniň Trabzon şäherinde duşuşandygyny ýazýar.

Trabzonyň Söwda we senagat birleşmesiniň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Suat Hajysalihoglu Eýranly syýahatçylyk gulluklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda sözlän sözünde Eýran bilen Gündogar Garadeňiz welaýatynyň arasynda syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklary pugtalandyrmak isleýändiklerini aýtdy.

“Watan” gazetş “Ampute futbol komandasy dünýä ikinjisi boldy” söz başyly habarynda  Türkiýäniň Milli ýygyndy Ampute futbol komandasynyň Meksikada geçirlen Dünýä kubogynyň final bäsleşiginde Angolandan ýeňilendigini we dünýa ikinjisi bolandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar