Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1056172
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan Malkolm X-iň gyzlaryny kabul etdi” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde saparda bolýan Prezident R. T. Erdoganyň Malkolm X-iň gyzlaryny kabul edendigini ýazýar.

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň 73-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin saparda bolýan Prezident Erdogan duşuşykdan soň “Dünýä bäşden uly temaly suratyna goluny çekip, Kabilah bilen Ilýasaha sowgat etdi.

1940-nji ýyllarda giren tussaghanasynda “Yslam milledi” atly topar bilen tanyşan we musulmanlygy ykrar eden Malkolm Litl adyny Malkolm X hökmünde özgertdi.

Malkolm X garaýagyzlaryň hukuklaryna ünsi çekip, Amerikan jemgyýetine hakyky yslamy tanyşdyrmak ugrunda işledi.

ABŞ-da höküm süren rasizma garşy alyp baran egilşiksiz göreşi bilen bütin dünýäde halk köpçüliginiň sylagyna eýe bolan Malkolm X 1965-nji ýylyň 21-nji fewralynda Nýu-Ýorkda çykyş edýärkä ýaragly 3 adam tarapyndan atylyp öldürilipdi.

“Sabah” gazeti “1 hepde-de 33 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda terrora garşy geçirilýän operasiýalaryň dowam edýändigini mälim edýär.

Içeri işler ministrligi sentýabr aýynyň 17-24-i aralygynda 2425 operasiýanyň geçirlendigini mälim etdi

Operasiýalarda soňky bir hepde-de terror guramalary bilen arabaglanşykly 677, neşe söwdasy we gaçgaklyk bilen arabaglanşykly 3992, bikanun göçe garşy göreşiň çäginde hem 178 adam saklandy.

Soňky bir hepde-de ýurduň içinde geçirlen operasiýalarda 33 terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

“Watan” gazeti  “Stambulyň täze howa menzilinde uçuş synaglary” söz başyly habarynda Transport we infstruktura ministri Jahit Turhanyň Prezident R. T. Erdogan tarapyndan 29-njy oktýabrda dabaraly ýagdaýda açyljak Stambulyň täze howa menzilinde amatsyz howa şertlerinde hem uçarlaryn howpsyz ýagdaýda gonmagyny üpjün etjek ILS ulgamynyň uçuş gözegçilik synagynyň tamamlanandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyndaky Egeport Kuşadasy portuna Maltanyň baýdagyny göterýän “Azamara Pursuit” we Bahamanyň baýdagyny göterýän “Silwet Whisper” atly iki ýolagçy gämisiniň gelendigini ýazýar.

Iki ýolagçy gämisi bilen esasy bölegi Amerikaly we Britaniýaly bolmak bilen jemi 1065 syýahatçy şähere geldi. Syýahatçylaryň bir bölegi gadymy Efes şäheri we Bibi Merýemiň öýü ýaly taryhy ýerlere baryp gördü.

“Ýeni Şafak” gazeti milli göreşçi Arif Özeniň Slowakiýanyň Trnowa şäherinde geçirlen Ýaşlar göreş çempionadynda Hindistanly bäsdeşi Puniany ýeňip dünýä çempiono boldy.

Prezident R. T. Erdogan hem Bütindünýä Ýaşlar göreş çempionadynda altyn medal alan Arif Özeni gazanan üstünligi bilen gutlady.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #hukuk , #rasizm

Degişli Habarlar