Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1032676
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan ABŞ-nyň elektronika enjamlaryny baýkot ederis diýdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň ABŞ-da öndürlen elektronika enjamlarynyň baýkot etjekdigine aýratyn ünsi çekendigini ýazýar.

Prezident Erdogan Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet gaznasy SETA tarapyndan Ankaranyň Söwda birleşmesinde geçirlen “Häkimiýetiň 16-nj ýylynda Adalat we ösüş partiýasy” simpoziýumyna gatnaşdy.

Çykyşynda ABŞ-nyň sanskiýa kararlary barada durup geçen Erdogan “Türkiýä garşy ykdysady taýdan hüjüm guraýarlar” diýdi.

Erdogan ykdysady hüjümlere garşy degişli çäreleriň görlendigini we görmäge dowam etjekdiklerini belledi.

“Haber Türk” gazeti “Binaly Ýyldyrym: Türkiýe bu krizisiň hötdesinden geler diýdi” söz başyly habarynda İlçileriň 10-njy konferensiýasyna gatnaşmak üçin Ankara gelen Türkiýäniň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen duşuşan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binaly Ýyldyrym “ Türkiýe syýasy maksatly ykdysady basyşlara boýun egmez. Türkiýe bu krizisiň hötdesinden geler. Walýuta kurslaryndaky durnuksyzlyk Türkiýäniň ykdysady görkezijilerine bap gelmeýär”diýdi.

“Watan” gazeti “Ministr Albaýrak daşary ýurtly maýdarlar bilen gepleşik geçirer” söz başyly habarynda Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak ertir daşary ýurtly maýadarlar bilen telekonferensiýa arkaly gepleşik geçirjekdigini habar berýär.

Daşary ýurtly maýadarlar bilen ilkinji telekonferensiýasyny geçirjek Albaýrak, soňky döwürde başdan geçirilýän ykdysady wakalar hakynda daşary ýurtly maýadarlara giňişleýin maglumat berer.

Telekonferensiýa ABŞ-daky, Ýewropadaky we Ýakyn Gündogardaky maýadarlar bilen birlikde jemi 750-1000 maýadaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

“Sabah” gazet, “THÝ merkezi ABŞ-da ýerleşýän guramalara reklama bermez” söz başyly habarynda Türkiýäniň tanymal firmalarynyň ABŞ-na garşy alnyp barylýan kampaniýa goldaw berýändigini ýazýar.

Türk Telekomdan soň Türk Howa Ýollary hem möhüm beýanat berdi. THÝ merkezi ABŞ-da ýerleşýän guramalara reklama bermejekdigini mälim etdi.

“Star” gazeti “Wanda Urartularyň galyndylaryna gabat gelindi” söz başyly habarynda taryhy Wan galasynyň golaýynda Stambul uniwersitetiniň Eedebiýat fakultetiniň taryh we arheologiýa ylmy barlag merkeziniň müdüri Dos. Dr. Erkan Konýaryň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen gazuw agtaryş işlerinde Urartularyň galyndylaryna gabat gelinendigini buşlaýar.

Dos. Dr. Erkan Konýar gazuw agtaryş işeri hakynda beren beýanatynda 26 santimter uzynlygynda aýak yzynyň tapylandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar