Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1021977
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Pozisiýany üýtgetmek Trampyň meselesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Günorta Afrika saparynyň dowamynda türk žurnalistlerine amerikaly ruhany Andrew Brunson barada beýanat berendigini ýazýar. Gazet Ak Tamdan we ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden Brunson barada berilen beýanat hem-de ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň pozisiýa çalşygy barada beýanat beren Erdoganyň, onuň özüniň däl, eýsem Trampyň meselesidigini nygtap, aýdylmadyk sözlerin aýdylan ýaly edip görkezilmegini ýerlikli hasaplamaýandyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Erdogan Temimi bilen söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýyl tarapyndan boşadylan Ahid At Tamimi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýärt. Habarda “Hanzala” batyrgaýlyk baýragynyň eýesi “Palestinaly batyrgaý gyz” Ahid At Tamimini edermenligi we egilşiksizligi mynasybetli gutlandygy hem-de Tamimiň boşadylmagynyň begendirici wakadygyny aýdandygy nygtalýar.

“Star” gazeti “Kiýewden Kaýserä gönüden uçar gatnawy başlar” söz başyly habarynda, Taryhy ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýan Kaýserä syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň çäginde Ukrainanyň paýtagty Kiýewden gönüden uçar gatnawynyň başlacakdygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Pamukgaladaky “cähennem gapysy” zyýarada açylar” söz başyly habarynda, BMG-niň Ylym, Bilim we Medeniýet düzümi UNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyndaky Hierapolis ýadygärliginde 5 ýyl ozal arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan Plutonyň (cähennem gapysynyň) abatlaýyş işleriniň tamamlanmagyndan soň sentýabr aýynda zyýarada açylcakdygyny okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Germaniýada “Men Özil” demonstrasiýasy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň paýtagty BErlinde ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda rasist we ekstremist hücümler sebäpli nemes milli komandasyndan aýrylan türk futbolçysy Mesut Özile goldaw ýörişiniň geçirilendigini mälim edýär.


Etiketkalar: #Sabah , #Watan , #gazet

Degişli Habarlar