Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1019834
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Eýrana sanksiýa goýulmagyna Erdoganyň berk reaksiýasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahatynyň döwürleýin başlygy hökmünde ýörite çakylyk bilen BRİKS-iň 10-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Günorta Afrika gitmezinden ozal howa menzilinde beren beýanatynda, ABŞ-nyň Eýran boýunça başlangyçlary barada “Eýran hem goňşymyz hem strategik hyzmatdaşymyz” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Uly maýadarlar bilen biz gyzyklanarys” söz başyly habarynda, Türkiýäniň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin ýokary depginde tagalla etjekdigini aýdan Prezident R.T.Erdoganyň “Ýörite ofisler açarys, uly maýadar mundan beýläk Prezidentiň Diwany bilen işleşer” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Söwda dartgynlygy türk ykdysadyýetine oňyn täsir ýetirip biler” söz başyly habarynda, Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fitç Raýtingiň beren beýanatynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dartgynlygynyň barha möwjemeginiň türk ykdysadyýetiniň ösüş depginine 2019-njy ýylda 0,1 bal, 2020-nji ýylda bolsa 0,2 bal oňyn goşant goşmagynyň çaklanylýandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “TÜPRAŞ Londonda ofis açar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy TÜPRAŞ A.Ş kompaniýasynyň import we eksport operasiýalary üçin satuw zynjyryna goşant goşmak aksady bilen Britaniýanyň paýtagty Londonda ofis açjakdygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Syýahatçylyk pudagynda iş üpjünçiligi 1 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, syýahatçylyk pudagynda 2018-nji ýyldaky iş üpjünçiliginiň 1 milliondan geçendigini, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17,5 göterim artan iş üpjünçiligi bilen 1,083 695 adamyň işe kabul edilendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

 


Etiketkalar: #Watan , #gazet , #söwda , #dartgynlyk , #maksat

Degişli Habarlar