Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1007003
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Pakistanyň 4 korwet üçin açan tenderini Türkiýe gazandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Nurettin Janikliniň Çernogoriýada eden çykyşynda, şu günki günde Türkiýäniň goranyş senagatynda bir gezekde iň gymmat bahaly eksporta gol çekilendigini belläp: “Pakistanyň Harby floty üçin gerek bolan 4 korwetiň tenderi tamamlandy we bu tenderi Türkiýe hökmünde biz aldyk” diýendigini nygtaýar.

Watan gazedi: “Germaniýa ÝPG-niň PKK-nyň şahasydygyny kabul etdi” söz başyly habarynda, Germaniýanyň içerki razwedkasy bolan Konstitutsion goranyş gullugynyň PÝD we ÝPG-niň ýurdyň daşary ýurtlardaky bähbitlerine howp salýan ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriaýdaky şahasy bolandygyny kabul edendigini habar berýär.

Hürriýet gazedi: “Merkelden ykrar ýaly sözler! Türkiýä ahmallyk etdik” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň bosgun krizisine çözgüt tapmak üçin Berlinde duşuşan Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen ylalaşmandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Merkeliň 2015-nji ýylda Ýewropa bosgun akymynda Ýewropanyň Türkiýedäki siriýaly bosgunlar bilen gyzyklanmandygyny aýdandygyny belleýär.

Sabah gazedi: “Syýahatçylykda tomus berekedi başlady” söz başyly habarynda, syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň myhmanhanalaryň dolulyk derejesiniň 100 göterime ýetendigini nygtap, tomus möwsüminden umytlydyklaryny aýdandyklaryny beýan edýär.

Watan gazedi bolsa: “Milli ýüzüji Selen Özbilen Ýewropa 3-njisi boldy” söz başyly habarynda, Finlýandiýada geçirilen Ýewropa ýaşlar ýüzmek çempionatynda 100 metr erkin ýüzmek bäsleşiginiň final tapgyrynda milli türk ýüzüji Selen Özbileniň 00:55:69-lyk dereje bilen Ýewropanyň 3-njisi bolandygyny malim edýär. Habarda Seleniň bu dereje bilen şol bir wagtda 17-18 ýaş aralygynda Türkiýäniň rekordyny täzeländigi ýazylýar.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #Watan , #Germaniýa

Degişli Habarlar