Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1005377
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny bu ýurda gurar” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 24-nji iýundaky saýlawlardan soň ilkinji daşary ýurt saparyny 10-nji iýulda sişenbe güni DKTR-e we Azerbaýjana gurajakdygyny mälim edýär.

Watan gazedi: “PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlyga taýardyrys” söz başyly habarynda, Yragyň ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreş babatynda Türkiýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny aýdandygyny habar berýär.

Star gazedi: “Türkiýe Nebitleri 4 sany nebit gözleg rugsatnamasyny aldy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministrligi tarapyndan Türkiýe Nebitleri anonim hyzmatdaşlygyna 4 sany nebit gözleg rugsatnamasynyň berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sabah gazedi: “THÝ ÝB howa ýollaryndan 3 esse has howpsyz” söz başyly habarynda, Ýewropa raýat awiasia Howpsyzlyk agentliginiň berýän habarnamasyna görä Türk howa ýollarynyň uçarlarynda 123 gezek derňew geçirilendigi, geçirilen derňewleriň netijesinde Türk howa ýollarynyň ÝB Howa ýollaryna garanyňda 3 esse howpsyzdygy beýan edildi.

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň howa giňişliginde 1-nji iýul rekordy” söz başyly habarynda, 1-nji iýulda dünýäde 200 müň uçaryň syýahat edendigini, Türkiýäniň howa giňişliginde hem uçuşlaryň köp bolandygyny mälim edýär.


Etiketkalar: #Erdogan , #Azerbaýjan , #sapar , #nebit

Degişli Habarlar