Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

996638
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Türkiýede deňiziň üstünde guruljak ýel energiýa desgasynyň tenderi oktýabr aýynda geçiriler” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň Türkiýede guruljak deňizüsti ýel energiýa desgasynyň tenderiniň oktýabr aýynda geçiriljekdigini aýdandygyny habar berýär. Gazet Albaýragyň: “Tender oktýabr aýynda geçiriler, 4 aýlyk taýarlyk etaby bar” diýendigini belleýär.

Ýeni Şafak gazedi: “F-35 uçarlary şu gün gowşurylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň öndüriji hyzmatdaşy bolan F-35 harby uçarlarynyň şu gün gowşurylmaga başlanjakdygyny mälim edýär. Habarda F-35 uçarlarynyň ilkinjileriniň şu gün taslamanyň esasy firmasy bolan amerikaly Lockheed Martin kärhanasynyň ABŞ-niň Fort Worth şäherindäki önümçilik desgasynda geçiriljek dabara bilen Türkiýäniň harby awiasiasyna gowşurjakdygy nygtalýar.

Star gazedi: “Türkiýäniň Harby floty Ortaýer deňizinde türgenleşik geçirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we DKTR-nyň harby flotynyň Famagusta şäheriniň suw giňişliginde halas ediş türgenleşigini geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet türgenleşige 5 ýurtdan 7 synçynyň tomaşa edendigini, türgenleşigiň raýat we harby güýçleriň gatnaşmagynda geçirilendigini beýan edýär.

Haber Türk gazedi: “Antalýa syýahatçylygynda ýene-de bir rekord” söz başyly habarynda, Antalýanyň syýahatçylyk pudagynyň iki ýyl arakesmeden soň, ýene-de bir rekorda goluny goýandygyny habar berýär. Gazet 14-nji iýunda 2014-nji ýyldaky görkezijileri hem geçen Antalýa şu ýylyň başyndan bäri 18-nji iýuna çenli 4 milliondan gowrak syýahatçynyň gelendigine ünsleri çekýär.

Sabah gazedi: “Germaniýa asly türk bolan meşhur futbolçy Mesut Özile köp zat borçly” söz başyly habarynda, geçen aý Prezident Erdogan bilen Londonda duşuşyp, surata düşen asly türk futbolçy Mesut Öziliň we Ilkaý Gündoganyň Germaniýada nyşana alynandygyny mälim edýär. Habarda edepsiz we rasist hüjümlere sezewar galan Mesut Özile we Ilkaý Gündogana Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň we Germaniýanyň Milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Löwüň eýe çykandygy ýazylýar. Gazet düýn bolsa Germaniýanyň Die Welt gazediniň Mesuty öwendigini we ol barada: “germaniýa Mesut Özile köp zat borçly” ady bilen makala ýazandygyny nygtaýar.


Etiketkalar: #Watan , #gazet , #F-35 , #uçar

Degişli Habarlar