Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

982068
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan Putin bilen söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň Prezidenti Outin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar, Akkuýu ýadro energiýa bekedi we Türk Akymy tebigy gaz turba geçiriji taslamasy barada pikir alyşyp, Siriýada syýasy çözgüdiň tapylmagy üçin Astana tapgyrynda gazanylan netijeleriň ähmiýetine üns çekilendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşogly Germaniýada çykyş etdi” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Solingen şäherinde 25 ýyl ozal rasistleriň öýlerini oda bermegi sebäpli pida bolan Genç maşgalasynyň 2 agzasy üçin Dýusseldorfdaky Ren Boýundaky Demirgazyk Westfaliýa ştatynda hatyralama çäresiniň geçirilendigini mälim edýär. Gazet Hatyralama çaresine Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň we ştatyň premýer ministri Armin Lasçetiň gatnaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda hatyralama çaresinde çykyş eden ministr Çawuşoglunyň Genç maşgalasynyň başdan geçiren pajygasyna we Germaniýadaky rasist hüjümlere sezewar bolan beýleki türk raýatlarynyň şertlerine ünsi çekip; “Germaniýany özlerine watan edinen adamlaryň ýekeje işlegi jemgyýetiň deň hukukly agza bolmak” diýendigine ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “ASELSAN ASİST, Aý kysymly deňiz asty gämisinde işe başlady” söz başyly habarynda, Harby Elektronik Senagatynyň İntersept Sonar Ulgamynyň (ASİST) Aý kysymly deňiz asty gämilerinde ulanylmaga başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Syýahatçylar Antalýa gelýärler” söz başyly habarynda, Syýahatçylykda 2018-nji ýylda 14 million jahankeşdäni kabul etmegi nazarda tutýan Antalýa 28-nji maýa çenli howa menzillerinden gelen syýahatçylaryň sanynyň 3 milliona golaýlandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Stambulda 1700 ýyllyk totyguş gubury tapyldy” söz başyly habarynda, Stambulyň Zeýrek etrabyndaky taryhy Şeýh Süleýman metjidiniň abatlaýyş işleriniň dowamynda ýerzemin gatda 1700 ýyllyk bolandygy çaklanylýan “totyguş guburynyň” tapylandygyny ýazýar.

 

 



Degişli Habarlar