Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

977260
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Erdogan Palestinanyň Prezidenti Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň telefon arkaly söhbetdeş bolandyklaryny habar berýär. Gazet Prezident diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä Prezident Erdoganyň Palestinanyň Prezidenti Abbasa gynanç bildiren telefon söhbetdeşliginde Palestina bilen baglanşykly wakalar ara alynyp maslahatlaşylandygyny belleýär. Habarda Abbasyň saglyk ýagdaýynyň gowudygyna kanagatlanma bildiren Erdoganyň 18-nji maýda Stambulda geçirilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty we umumy beýannama barada maglumat berendigi ýazylýar. Gazet Erdoganyň we Abbasyň ABŞ-niň Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek we Ysraýylyň Gazada bigünä adamlary gyrmak bilen bagly hadysalary BMG-niň garamagyna hödürlemekde tutanýerlidiklerini belländiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sabah gazedi: “Çawuşogly: Onuň hasabyny sorarys” söz başyly habarynda, Mewlüt Çawuşoglynyň Palestinalylary gyrgyna beren Ysraýyl edenleriniň jogabyny berjekdigini malim edýär. Gazet Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad El-Malikininiň Ysraýylyň gyrgynçylygy bilen baglanşykly delony Halkara Jenaýat kazyýetine gowşurmagynyň üstünde durup geçen Çawuşoglynyň: "Şu gün Palestinanyň Daşary işler ministri doganymyz Riýad El-Maliki Ysraýylyň eden-etdilikleri bilen bagly delony Halkara Jenaýat kazyýetine berdi. Munyň hasabyny sorarys" diýendigini nygtaýar.

Star gazedi: “Türkiýe Owganystandaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy” söz başyly habarynda, Türkiýe Owganystanyň Kandagar welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarandygyny habar berýär. Gazet Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda hüjümiň netijesinde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy aýdylýan beýanatda: “Bu hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys. Hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet, dostlukly Owganystanyň hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diläýris” diýilendigi nygtalýar.

Haber Türk gazedi: “ASELSAN-dan ýerli we milli KATMER tehnologiýasy” söz başyly habarynda, ASELSAN tarapyndan kämilleşdirilen KATMER tehnologiýasy bilen kiçi we güýçli radar we elektron harby enjamlary öndürjek kärhana tarapyndan berilen beýanata görä KATMER tehnologiýasy ulanylyp 30 essä çenli öndürilip bilinýän mikrotolkun shemalar emele getirilen mikrotolkun modullar ozal öndürilen modullere görä has kiçi gabaralara ýerleşdirip bolýandygyny habar berýär.

Ýeni Şafak gazdi: “Türkiýäniň iň uly awianoses gämisi üçin taýarlyklar görülýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli goranmak strategiýasynyň çäginde IÇDAŞ gämi gurluşyk ussahanasynda awianoses gämisiniň gurluşygy üçin taýarlyk işleriniň görülýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda 370 metr uzynlygyndaky we 70 metr giňişligindäki howuzyň guluşygyna başlanandygy ýazylýar. Gazet 2019-njy ýylyň tomus aýlarynda gurulyp tamamlanmagy meýilleşdirilýän howuzyň doly gurulyp gutarylmagyndan soň, Türkiýäniň iň uly uçargöter gämisiniň IÇDAŞ gämi gurluşyk ussahanasynda gurulmaga başlanjakdygyny mälim edýär. Çykdajysy 50 million dollar boljak desgada, Türkiýäniň iň uly gämi gurluşyk ussahanasynyň guruljakdygy, awianoses gämisiniň gurluşygy bilen täze iş orunlarynyň dörediljekdigini belleýär.


Etiketkalar: #Watan , #gazet , #Mahmud Abbas , #maý

Degişli Habarlar