Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

972173
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan; Netanýahunyň elinde palestinalylaryň gany bar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň resmi Twitter hasaby arkaly beren beýanatynda; “Netanýahunyň elinde palestinalylaryň gany bar günäsini Türkiýä hüjüm etmek bilen gizläp bilmez” diýendigini ýazýar. Habarda Erdoganyň: “Netanýahu goragsyz halkyň ýerlerini BMG-niň kararlaryny basgylap, 60 ýyldan gowrak wagt bäri gözegçiliginde saklaýan rasist döwletiň premýer ministri” diýen sözlerihni okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Parahatçylyga sabbotaž” premýer ministri Binali Ýyldyrymyň Ankarada beren beýannamasynda: “ABŞ-nyň Tel-Awiw şäherinde ýerleşýän İlçihanasyny İýerusalime göçürmegini parahatçylyga edilen sabbotaž hökmünde görýäris we ykrar etmeýäris. Şol karar ýok hökmünde. Amerikanyň İlçihanasynyň açylyşy musulman ganynyň dökülen güni hökmünde taryha geçdi. Densiz güýç ulanyp, terrorçylyk edýan Ysraýylyň basyş syýasatyny berk ýazgarýarys” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Tunisiň ozalky Prezidenti: “Araplar İýerusalim meselesinde Türkiýeden görelde alsyn” söz başyly habarynda, Tunisiň ozalky Prezidenti we Demokratik ynkylaplary goraýjy Arap geňeşiniň başlygy Munsif Mazrukiniň Stambulda R.T.Erdogana we türk halkyna eýeleýän pozisiýasy, özleriniň tarapynda durandyklary üçin sagbolsun aýdyp; “Arap hökümetlerine azyndan bir pozisiýa eýelemeklerini maslahat berýärin, Türkiýäni görelde alyp bilerler” diýen sözlerini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýä gelýärler” söz başyly habarynda, Russiýanyň Federatiw Syýahatçylyk gullugunyň Zähmetkeşleriň baýramy we Ýeňiş baýramy mynasybetli maý aýyndaky dynç alyş günlerinde rus raýatlarynyň Türkiýä gelmegi saýlap alýandykaryny habar berendigini ýazýar. Gullugyň mälim etmegine görä rus raýatlarynyň 52,3 göterimi dynç alyş üçin Türkiýäni saýlap alýar.

“Haber Türk” gazeti “Dünýä gezelenjine çykan ägirt gämi Kuşadasynda” söz başyly habarynda, Dünýä gezelenjine çykan Malta degişli “Azamara Jorneý” gämisiniň 850 ýolagçysy bilen Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyndaky Ege port deňiz menziline gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ýolagçylaryň bir böleginiň ulaglar bilen gadymy Efes şaherine, Bibi Merýemiň öýüne baryp görendigini, käbirleriniň bolsa şäheriň merkezinde söwda edendigini ýazýar.


Etiketkalar: #Sabah , #gazet , #dünýä

Degişli Habarlar