Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

970117
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan: Trampyň ABŞ-nyň Ysraýyldaky İlçihanasyny İýerusalime göçürmegi uly ýalňyşlyk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Britaniýada “BBC-niň” arap dilindäki ýaýlymyna beýannama berendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň Ysraýylyň Siriýada ýerliksiz hüjümlerini tankyt edip: “ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ABŞ-nyň Ysraýyldaky İlçihanasyny İýerusalime göçürmegi uly ýalňyşlyk” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe ABŞ-na garşy reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň ABŞ-nyň polada we alýumine goşmaça gümrük salgydyny goýmak baradaky kararyna Türkiýäniň kararyny amerikaly kardeşlerine aç-açan beýan edendigini nygtap
 “Şu hepden başlap Türkiýe degişli çäreleri görmäge başlajakdygymyzy habar berdik” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Syýahatçylykda maý rekordy” söz başyly habarynda, syýahatçylyk pudagynda 2018-nji ýyly 18 million syýahatçy bilen ähli döwürleriň rekorduny goýmagy nazarda tutýan Antalýada maý aýynyň birinji 10 günlüginde gelen syýahatçylaryň sanynyň 56 göterime çenli artandygyny mälim edýär. Habarda, şähere günde ortaça 47 müň syýahatçynyň gelendigini, maý aýynda gelen syýahatçylaryň sanynyň bolsa 1,67 milliona ýetendigi nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “İlkinji ýerli sanjym 2022-nji ýylda ediler” söz başyly habarynda, “PEDİATRİK” gepatit A sanjymyzyn ýerli önümçilik baradaky Senagat hyzmatdaşlygy taslamasynyň çäginde 10 ýyl aluw kepillendirmeli 12 ýyllyk bäsleşik yglan edilendigini, Saglygy goraýyş ministrliginiň şol bäsleşiginiň 10-njy iýulda geçiriljekdigini, şertnamadan soň ýerli önümçiligiň başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Nafia Kuşuň zenanlaryň arasynda 73 kilogram agyrlykda altyn medal aldy” söz başyly habarynda, Ýewropa taekwando çempionadynyň soňky gününde milli türgen Nafia Kuşuň zenanlaryň arasynda 73 kilogram agyrlykda Tataristandaky bäsleşikde altyn almagyň hötdesinden gelendigini mälim edýär.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #zenanlar , #kilogram

Degişli Habarlar