Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

967120
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Star” gazeti “Kalyn: Durnuksyzlyga we başga çaknyşyklara sebäp boljak karar” söz başyly habarynda, Prezidenti metbugat Sekretary Ibrahim Kalynyň sosial media arkaly beren ýüzlenmesinde; “ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan bir taraply çekilmegi durnuksyzlyga we başga çaknyşyklara sebäp bolar. Köp taraply ylalaşyk degişli ýurtlar bilen dowam eder. Türkiýe ýadro ýaraglarynyň ählisine bolan garşy pozisiýasyny dowam etdirer” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Premýer ministriň Ýewropa güni mynasybetli ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň Ýewropa güni mynasybetli beren beýannamasynda: “Daşary ýurtly duşmançylygynyň we yslam garşydaşlygynyň adaty syýasy diskurslara öwrülmegi ÝB-niň geljegi bilen bagly aladalary güýçlendirýär” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Bütindünýä banky Türkiýe baradaky ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyn Türkiýe üçin içerki girdejiniň ýokarlama çaklamasynyň 2017-nji ýylyň oktýabr aýyna görä 1,2 bal ýokarlandyryp, 4,7 göterim hökmünde kesgitländigini ýazýar. Gazet Bütindünýä bankynyň çap eden Ýewropa we Orta Aziýa ýurtlarynyň ykdysady habarnamasyna görä milli girdejiniň 2018-nji ýylda 4,7, 2019-njy ýylda bolsa 4,4 göterim ösüş ýokarlajakdygyny takmyn edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “İlkinji gezek öndüriler” söz başyly habarynda, Energiýa bazarlary Ýokary guramasynyň Türkiýede ilkinji gezek suwklandyrylan tebigy gaz öndürmegi maksat edinýän “LNG Gaz önümçilik we satuw A.Ş” firmasynyň gurjak desgalarynda LNG ammarlaýyş taslamasyny tassyklandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Rekorda tarap barýar” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Türkiýedäki ilçisi Dominik Çilkodyň üstümizdäki ýylyň dowamynda 3 million iňlis syýahatçysynyň gelmegine garaşýandyklaryny nygtap: “Şu ýyl Britaniýadan gelen syýahatçylar rekord goýar” diýen sözlerine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar