Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

953091
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Dollaryň ýerine altyn bilen karz alynsyn” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Halkara Walýuta Gaznasynyň döwletleri täsiri asrtyna alýandygyny nygtap: “Karzlar dollar bilen däl, eýsem altyn bilen berilsin” diýendigini ýazýar. Gazet Stambulda geçirilen “Global telekeçilik maslahatynda” çykyş eden Erdoganyň: “Telekeçilik ruhy bolan döwletler toparynyň bu dünýäde öz açan guramalaryny hem kadaly dolandyrsynlar. İMF-i kim açdy. Şol döwletler. Mysal üçin G20-niň maslahatynda: “Näme üçin karzy dollar bilen alýarsyňyz? Geliň başga pul birliğini ulanalyň, diýdim. Men karzlaryň altyn bilen alynmagyny teklip edýärin. Dünýä dollar bilen kurs basyşynyň astynda galýar. Döwletleri we milleti şol kurs basyşyndan halas edeliň” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Rus halk deputaty: Erdogandan görelde alynmaly” söz başyly habarynda, Dumanyň Goranyş toparynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Şeriniň milli bähbitleriň goralmagy üçin Preizdent R.T.Erdoganyň tagallasyndan nusga alynmalydygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ýalanyny paş etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň “Siriýa guralan operasiýa arkaly Türkiýäni Russiýadan çetleşdirdik” diýen sözlerine berk reaksiýa bildirendigini ýazýar. Habarda NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg bilen Ankarada metbugat ýygnagyny geçiren Çawuşoglynyň Makronyň Ankarada Prezident R.T.Erdoganyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagyndaky maslahata gelmek isleýandigini, emma onuň kabul edilmändigini nygtap, Makronyň beren beýannamalarynyň hakkata bap gelmeýandiginiň başga ýurtlar tarapyndan hem beýan edilendigini belläp; “Prezidente gelişýän beýannama garaşýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Milli harby uçar TF-X-iň maketi tanyşdyryldy” söz başyly habarynda, Türk awiasiýa we Kosmos sengaty “RUSAŞ” tarapyndan öndürilýän Türkiýäniň iki hereketlendirijili döwrebap harby uçary TF-X taslamasynyň maketinin Malaýziýadaky DS2018 goranyş sergisinde tanyşdyrylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Troýa ýylyna” Türk Howaýyllarynyň goldawy” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan BMG-niň Ylym, bilim we medeniýet düzümi UNESKO-nyň Dünýäniň medeniýet sanawyna goşulmagynyň 20-nji ýylynda 2018-nji ýyly “Troýa ýyly” hökmünde yglan edilendigini, THÝ-niň Airbus 321 kysymly uçarynyň Truwa atynyň fotosuratlary bilen bezelendigini, uçaryň ilkinji saparyny düýn Şweýsariýanyň Ženewa şäherine amala aşyrandygyny mälim edýär.


Etiketkalar: #Sabah , #gazet , #rus , #halk , #Erdogan , #Duma

Degişli Habarlar