Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

948840
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň Lawrowa jogagy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň partiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatyndan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Afriniň Siriýanyň hökümetine berilmegine garaşýandyklary baradaky beýannamasyna: “Bu çemeleşme diýseň ýalňyş. Biz Afrini kime berjeldigimizi gowy bilýäris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Erdogan musulman ýurtlara zekat barada çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Prezidentiň kompleksinde Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TİKA-nyň utgaşdyryjylary bilen geçiren duşuşygynda sözlän sözünde; “Esasanda nebite baý bolan musulman ýurtlara ýüzlenýärin. Musulman ýurtlar diňe zekatlaryny şol garyp, ýoksul ýurtlara berseler dünýäde garyp-gasar galmasa gerek” diýendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Milli howpsyzlyk gullugy ýene-de üç FETÖ-çini Türkiýä getirdi” söz başyly habarynda, Merkezi Afrika ýurtlarynda Gabondaky Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamyna agyr zarba urlandygyny, Milli howpsyzlyk gullugynyň guramanyň Gabondaky toparyna operasiýa gurap, 3 FETÖ/PDÝ agzasyny ele salyp, ýörite uçar bilen Türkiýä getirilendigine ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “ASELSAN 42,7 million dollarlyk şertnama baglaşdy” söz başyly habarynda, Türk goranyş senagatynyň esasy firmalaryndan biri bolan Harby elektronik senagatynyň içerki alyjy bilen ýol gatnawy ulgamlary boýunça 42,7 million dollarlyk şertnama baglaşandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Çempion Ejzajybaşy” söz başyly habarynda, Zenanlaryň JEW kubogynyň finalynda Belarusyň Minçanka Minsk komandasyny 3-1 hasabynda utan Ejzajybaşy Witranyň 3-nji gezek Ýewropa çempiony bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar