Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

947944
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Watan” gazeti “Erdogan Putin bilen Gündogar Guta barada pikir alyşdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini, telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýanyň Duma we Gündogar Guta etraplarynda guralan hüjümler barada pikir alyşylyp, asuda ilatyň çekýän ýitgileriniň öňüniň alynmagy hem-de ynsanperwer kömekleriniň ýetirilmegi üçin bilelikde işleşmegiň ähmiýetine üns çekilendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “19 firma 23 taslama üçin ýeňillik berildi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Beştepe Millet medeniýet we maslahatlar merkezinde naht ýetmezçiligini dolulygyna ortadan aýyrmak maksady bilen çykarylan taslama esaslanýan ýeňillik ulgamyna laýyklykda 135 milliard lira barabar bolan 23 maýa goýumyna ýeňillik dörediljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Energetikada 5,2 milliardlyk gol” söz başyly habarynda, merkezi Türkiýede ýerleşýän “Metkap Energi İnwestments” bilen merkezi Katarda ýerleşýän “Fusion Dinamiks” firmalarynyn Türkiýede jemi 5,2 milliard dollara barabar bolan tebigy gaz hem-de nebit-himiýa desgasynyň maýa goýumy üçin teswirnama gol çekişendigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Burgeon: “Türkiýeden başga şunja bosguny kabul eden ýurt ýok” söz başyly habarynda, BMG-niň Bütindünýä azyk we oba hojalyk düzüminiň Adatdan daşary ýagdaýlar we rehabilitasiýa bölüminiň müdiri Dominik Burgeonyň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýetiň BMG-niň Bütindünýä azyk we oba hojalyk düzümi bilen Türkiýäniň Azyk, oba hojalygy we maldarçylyk ministrliginiň bilelikde alyp barýan işleriniň çäginde Osmaniýe welaýatyndaky siriýalylar üçin gurluşygyna başlanan parnige baryp görendigini ýazýar. Gazet Burgeonyň: “Türkiýäniň siriýaly bosgunlara görkezýän myhmansöýerligini we tagallasyny kabul edeliň. Türkiýeden başga şunja bosguny kabul eden ýurt ýok” diýendigine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar