Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

947145
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Watan” gazeti “Türkiýe Duma guralan hüjümi ýazgardy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Siriýanyň Duma şäherinde guralan himiki hüjümi berk ýazgarandygyny, Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada; “himiki ýaraglaryň ulanylmagynda halkara jemgyýetçiliginde abraýy belli bolan hökümet tarapyndan guralandygy boýunça güýçli şübhe bolan” Siriýada Dyma guralan zäherli himiki ýaragly hüjümiň berk ýazgarylandygy nygtalýar. Gazet beýannamada Duma ýaňadandan himiki ýarag bilen hüjüm guralandygy we şol hüjüm sebäpli asuda ilatdan köp sanly adamyň ýogalmagyna alada bildirilýändigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan; Wana 15 günde 169 müň syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Wan welaýatyndaky maslahatynda halka ýüzlenip çykyş eden Prezident R.T.Erdoganyň “Geçen ýyl syýahatçylyk pudagynda Wan uly ösüş etdi. Wan welaýatynda täze bir döwre gadam basýarys. Wana soňky 15 günde Eýrandan gelen syýahatçylaryň sany 169 müň” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýyldyrymyň bikanun göç baradaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Owganystana guraýan saparynyň çäginde Ýerine ýetiriji toparyň başlygy Abdullah Abdullah bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda sözlän sözünde Owganystandan Türkiýä başlan bikanun göç tolkuny barada durup geçip; “Kanun ýollardan gelen doganlarymyz başymyzyň täji. Emma bikanun ýollardan gelýänler uly kynçylyk döredýär. İçeri işler ministrligimiz netijeli işleýär. Şertlerden peýdalanyp olaryň meýletin yzyna ugradylyş tapgyry dowam edýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Albaýrak: 60 ýyllyk arzuwymyz iş ýüzüne geçýär” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň Stambulyň Bahçeliewler etrabyndaky 6-njy nobatdaky maslahatynda sözlän sözünde; “60 ýylyk arzuwumyz, ilkinji atom elektrik bekedimiziň gurluşygyna badalga berildi. Türkiýe içerdäki we daşardaky ähli operasiýalara garamazdan ynam bilen öňe barýar” diýendigini ýazýar.

 



Degişli Habarlar