Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

943196
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Haber Türk” gazeti “Kremliň Putiniň Türkiýe saparyndan ozalky beýannamasy” söz başyly habarynda, Russiýanyň Prezidentiniň Daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriş Uşakowyň žurnalistlere Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýä gurajak sapary barada beýannama berendigini ýazýar. Gazet Uşakowyň Putiniň Prezident R.T.Erdogan bilen geçirjek duşuşygynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryndan biri bolan Siriýa meselesi bilen bilelikde sebitleýin we halkara mseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Täze SARP-lar ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Harby elektronika senagaty “ASELSAN-yň” tanklaryň, taktiki sowutly ulaglaryň we desgalaryň goralmagy üçin öndüren “SARP” Radio ulgamly ýarag ulgamyndan häzirki wagta çenli 1350 sany öndürendigini, şolardan müň sanysynyň ýurduň içinde ulanylýandygyny, galan böleginiň daşary ýurtlara satylandygyny ýazýar. Habarda “ASELSAN-yň” golaýda täze enjamlary hem ulanmaga berjekdigi nygtalýar.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň uly üstünligi: Türk ýaraglary bilen gyzyklanýarys” söz başyly habarynda Gürjistanyň Goranmak ministri Lewan İzoriýanyň Türkiýäniň harby-tehniki pudakda uly ösüş ededigini we türk ýaraglary bilen gyzyklanýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Gazet ministr İzoriýanyň 30-njy martda Ankarada başlan we 2 gün dowam eden saparynda Goranmak ministri Nurettin Janikli bilen Giresun welaýatynda duşuşandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Antalýa syýahatçylykda mart rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, Antalýanyň gubernatory Münir Karaloglunyň sosial media hasabynda beren beýannamasynda 2017-nji ýylyň mart aýynda şähere 165 müň syýahatçy gelendigini, üstümizdäki ýylyň degişli aýynda şol sanyň 286 müňe ýetendigini mälim edendigine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “UEFA Meliz Özçigdeme wezipe” söz başyly habarynda, Halkara futbol federasiýasynyň kokartly zenan emin agzasy Meliz Özçigdemiň we FİFA kokartly kömekçisi Deýbet Gögüň Ýewropanyň 19 ýaşdan aşakdaky zenanlar çempionadynyň 2018-nji ýylda Elita turniriniň 5-nji topar oýunlarynda eminlik etjekdiklerini ýazýar.



Degişli Habarlar