Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

940813
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Premýer ministr Ýyldyrym Bosniýa-Gersagowinada” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Türkiýäniň Ýakyn Gündogarda terrorizme garşy alyp barýan göreşiniň raýatlarynyň howpsyzlygy bilen birlikde, Balkanlaryň we Ýewropanyň bosgun tolkunyna sezeware bolmagynyň öňüni alandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet resmi sapar bilen Bosniýa-Gersagowinada bolýan Premýer ministr Ýyldyrymyň paýtagt Saraýewoda Ministrler geňeşiniň Başlygy Denis Zwisdij bilen ikiçäk duşulyp, duşuşykdan soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda Balkanlaryň durnuklylygynyň we howpsyzlygynyň Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň howpsyzlygy diýmegi aňladýandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Türk ykdysadyýeti 2017-nji ýylda 7,4 göterim ösdi” söz başyly habarynda, türk ykdysadyýetiniň 2017-nji ýylda 7,4 göterim ösüp, Hytaýdan hem öňe geçendigini mälim edýär. Habarda Türkiýäniň Hasabat guramasynyň 2017-nji ýylyň önümçilik usuly bilen hasaplanan milli girdejiniň netijelerini çap edendigi, şoňa laýyklykda türk ykdysadyýetiniň geçen ýyl 7,4 göterim, ýylyň soňky çärýeginde bolsa 7,3 göterim ösüş edendigi nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Şimşek ösüş görkezijilerini analiz etdi” söz başyly habarynda, ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşegiň beren ýazmaça beýannamasynda 2017-nji ýylyň ösüş görkezijileri barda; “2016-njy ýylyň soňky çärýeginden başlap ykdysadyýeti güýçlendirmek üçin durmuşa geçiren başlangyçlarymyz maýa goýuma, önümçilige, iş üpjünçiligine we eksporta berilen höweslendiriji goldawlar hem-de Döwlet gaznasy tarapyndan berilen karzlar önümçilik pudagynyň maliýe üpjünçiligine bolan elýeterliligi ösüş depgininde kesgitleýji boldy” diýip nygtandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Russiýanyň daşary işler ministrligi; Türkiýe “Skripal meselesine jogapkärçilikli çemeleşdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowanyň ÝB bilen gepleşikler geçirýän birnäçe ýurda garamazdan Türkiýäniň “Skripal meselesi” sebäpli Britaniýa bilen arkalaşmak üçin rus diplomatlaryny ýurtdan çykarmak barada karar kabul etmändigini nygtap, “Bu jogapkärçilikli çemeleşme” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “FİFA-dan Çakyra taryhy jogapkarçilik” söz başyly habarynda, Halkara Futbol federasiýasynyň kokartly emin agzasy Jüneýt Çakyr bilen kömekçisi Bahattin Duranyň we Taryk Ongunyň FİFA-nyň 2018-nji ýyldaky kubogynda iş alyp barjakdygyny, berilen beýannama görä Jüneýt Çakyryň Russiýada geçiriljek Dünýä kubogynda emin agzalyk etjekdigini mälim edýär.



Degişli Habarlar