Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

939954
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Terrorçylar çykmasa degişli çäre görüler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidenti kompleksinde geçirilen Milli howpsyzlyk geňşiniň mejlisinden soň berilen ýazmaça beýannamada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ÝPD-niň tarapynda durýan terrorçylar gözegçiligindäki Munbiçden gitmän halatynda Türkiýäniň degişli çäräni görjekdigine üns çekilendigi, guramanyň Yrakdaky aksiýalarynyň bolsa Yrak döwleti tarapyndan öňüniň alynmalydygy, eger şeýle bolman halatynda onuň hem Türkiýe tarapyndan alynjakdygynyň nygtalýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýyldyrymyň ykdysadyýet baradaky möhüm beýannamasy” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Beştepe Millet medeniýet we maslahatlar merkezinde Maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagy baradaky Utgaşdyryjy toparynyň tanyşdyrlyş mejlisine gatnaşandygyny, Premýer ministr Ýyldyrymyň maslahatda sözlän sözünde strategik maýa goýumy hökmünde 128 milliard lira barabar maýa goýum höweslendiriş serişdesiniň berilmeginiň tassyklanandygyna ünsleri çekendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Awiasiýada ýerli önümçiligiň güýji birleşýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awiasiýa pudagynda öndüriji ýurtlaryň hataryna goşulmak ugrundaky tagallasyna laýyklyk raýat howa ulaglary taslamasyna degişli bolmak isleýän ätiýaç şaý we enjam öndürijileriniň inwentarynyň çykaryljakdygyny, şol inwentara degişli bolmadyk firmalaryň milli raýat howa ulaglary baradaky taslamalarda kömekçi potratçy bolup bilmejekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Belli boldy! Türkiýä gelýär” söz başyly habarynda, Prezident gullugynyň hemaýat bermeginde aprel aýynyň 25-29-y aralygynda Antalýada geçiriljek “Ýawraziýa Aşr Şou” sergisine ýerli goranyş senagaty firmalary bilen birlikde daşary ýurtlardan hem köp sanly firmanyň gatnaşjakdygyny, ABŞ-dan alynjak F-35 harby uçarynyň Türkiýede ilkinji gezek “Ýawraziýa Aşr Şou” sergisiniň çäginde Antalýada uçjakdygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar