Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

939316
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär. Gazet Erdoganyň Kemerowodaky söwda merkezleriniň birinde 25-nji martda bolan ýangynda ýogalan adamlar sebäpli Putine gynanç bildirendigini belleýär. Habarda Erdoganyň rus halkyna gynanç bildiren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösdüriljekdigi nygtaldy.

Haber Türk gazedi: “Ýyldyrym ösüş çaklamasy bilen bagly beýanat berdi” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berendigini habar berýär. Gazet Binali Ýyldyrymyň ösüş çaklamasy bilen bagly hem möhüm beýanatlar berendigini nygtaýar. Habarda Ýyldyrymyň: “Penşenbe güni Türkiýäniň 2017-nji ýyldaky ösüş çaklamasy aýan ediler. 7-7,5 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar, bu bir rekortdyr” diýendigi ýazylýar.

Sabah gazedi: “Trampdan Makrona Türkiýe bilen bagly ýüzlenme” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Siriýa boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň gerekdigini aýdandygy beýan edilýär.

Star gazedi: “Türkiýäniň eksport ugurnda edýän üstünliginiň syry” söz başyly habarynda, Türkiýäniň goňşy ýurtlardaky ýaramaz wakalara we global ykdysadyýetdäki görkezijilere garamazdan 2017-nji ýylda 157,1 milliard dolalrlyk eksport edendigini mälim edýär. Gazet Respublika taryhyndaky iň ýokary 2-nji eksport görkezijilere eýe bolunmagyna sergileriň sebäp bolandygyny belleýär. Firmalar 5 materikde, 56 ýurtdaky 263 sergide öz önümlerini sergiledi.

Haber Türk gazedi bolsa: “Syýahatçylykda ähli wagtlaryň rekordy goýulyp biliner” söz başyly habarynda, Antalýanyň Söwda we senagat palatasynyň başlygy Dawut Çetiniň ýylyň ilkinji 3 aýyndaky syýahatçylaryň artyşynyň 30 göterimden gowrakdygyny belläp: “Bular ýaly dowam etse, syýahatçylykda ähli zamananyň rekordy goýulyp biliner” diýendigini nygtaýar.



Degişli Habarlar