Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

937518
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ýarym aýyň görünen ýerinde umyt bar” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabyny terror guramalaryndan saplamagyndan soň Türkiýäniň asuda ilatyň gyssagly islegleriniň kanagatlandyrylmagy we durmuş şertleriniň kadalaşmagy üçin işe girişendigini ýazýar. Gazet ejir çeken ilaty ýyly nahar bilen üpjün etmäge başlan Türk gyzy ýarymaý jemgýetiniň agyz suwy we derman üpjünçiligi üçin hem tagalla edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli raketalar 2020-nji ýylda öndüriler” söz başyly habarynda, Stambulda açylan 13-nji Halkara goranyş senagaty sergisinde (IDEF 2017) görlezilen ýerli “Göktug” awia raketa ulgamlary bilen bagly işleriň dowam edýändigi nygtalýar. Habarda “Gökdogan” we “Bozdogan” atly raketalaryň synaglarynyň geçirilendigini, şeýlelikde raketalaryň hereketlendirijileriniň performansynyň gözden geçirilendigi, soňky tapgyrlarda bolsa raketalaryň uçardan atyş synaglarynyň geçiriljekdigi mälim edilýär.

“Watan” gazeti “Taryhda ilkinji gezek Türkiýede öndürildi, bütin dünýä yglan edildi” söz başyly habarynda, Ankara uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetiniň Beýni we myşsa hirurgiýasy bölüminde “Da Winji roboty” bilen edilen kelleçanak kistasynyň operasiýasynyň dünýäde bir başlangyç bolandygyny, hassahanadan çykarylan 50 ýaşly zenanyň dünýäde pur robotik hirurgiýa bilen kelleçanak kystasy operasiýa edilen dünýäniň ilkinji we ýeke-täk hassa hökmünde ylym dünýäsine ýetirilendigine üns çekilýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýä göçýärin” söz başyly habarynda, çadyraly top model Halima Adeniň Raşit Bogazybaglynyň moda şouna gatnaşmak üçin Stambula gelendigini, Adeniň Türkiýe barada öwgüli sözler aýdyp, “İnstagramda” goýan suratynyň aşagyna “Türkiýä göçýärin” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: #umyt , #milli , #raketa , #senagat , #sergi

Degişli Habarlar