Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

928402
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Germaniýada täze gurlan hökümetden möhüm ýüzlenmeler” söz başyly habarynda, Germaniýada täze gurulan hökümetiň Türkiýä möhüm ýüzlenmeler berendigini ýazýar. Gazet Germaniýada Hristiýan demokrat bileleşik partiýasyndan, Hristiýan sosial bileleşik partiýasyndan we Sosial demokrat partiýadan emele gelýän şärikdeş höklümetiň gurlandygyny, Federal Kansler Angela Merkeliň beren beýannamasynda Türkiýe bilen ÝB-niň gepleşik ýoluny gözlemelidiklerini aýdandygyny mälim edýär. Habarda Merkeliň “Türkiýe bilen bolan düşnüşmezlikleri dagyň aňyrsyna üýşürmeli däl. Gatnaşyklar dowam etmeli. Çünki biz birek-birege garaşly. Türkiýe Siriýadaky uruşdan gaçan bosgunlar boýunça uly işler etdi. 3 million bosguny kabul etdi. Biz hem Türkiýe bilen bolan ylalaşygymyzy berjaý etmeli” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Star” gazeti “Türk goranyş senagatyndan Katarda uly görkezliş” söz başyly habarynda, Dohadaky Halkara deňiz goranyş sergisinin we Maslahatynyň Kataryň paýtagty Dohada açylandygyny, serginiň açylyşyna Milli goranmak ministri Nurettin Janikliniň, Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akaryň, Goranyş senagaty guramasynyň başlygy İsmail Demiriň gatnaşandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ünsler Türkiýä gönükdi” söz başyly habarynda, Kruizleriň belli firmalarynyň ugruny Türkiýä gönükdirendigini, Stambulda, Mermer, Egeý, Ortaýer we Gara deňiz zolaklarynyň Deňiz söwda birleşmelerinin İzmirdäki şahamçasyndan berilen beýannama görä üstümizdäki aýyň  5-8-i aralygynda ABŞ-daky Global Kruiz sergisinde pudagyň esasy firmalary bilen netijeli gepleşikler geçirendigini, firmalaryn 2019-njy ýylda İzmire we Antalýa kruiz gämilerini ugratjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli kredit derejelendiriş guramasy açylar” söz başyly habarynda, Kredit derejelendiriş guramasy Mudiziň geçen hepde Türkiýä beren esassyz balyndan soň pozisiýalary we çemeleşmeleri ýene-de bir gezek seljerilen halkara kredit derejelendiriş guramalaryna garşy Türkiýäniň “Milli kredit derejelendiriş guramasynyň” açylmagynyň meýilleşdirilýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türk Howaýollarynyň taryhy rekordy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň fewral aýynda gatnadan ýolagçy sanynyň 2017-nji ýylyň degişli döwrüne görä 26 göterim ýokarlap, 5,1 million ýolagça ýetendigini, onuň Türk howaýollarynyň taryhynda rekord bolandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar