Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

922868
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan; Şu gün Afrin, Ertir Munbiç” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Mugla welaýat Aýallar bölüminiň 5-nji maslahatyna ugradan ýüzlenme ugradandygyny ýazýar. Gazet milletiň hakykatlary görendigini we şol sebäpli goldawyny gysganmandygyny beýan eden Erdoganyň; “Biz garaşsyzlygymyz we geljegimiz üçin ähli howplara döş gerdik. Göreşimiz dowam eder. Şu gün Afrine bardyk, ertir Munbiçde bolarys, soň Ýefradyň gündogaryny Yrak serhedine çenli terrorçylardan saplarys. Şehitlerimiziň gany ýerde galmaz, pidakärlikleri puja çykmaz” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýyldyrym; Afrini hakyky eýelerine bereris” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň “Ýefrat galkany” operasiýasy bilen döreden howpsyz zolaklarymyz ýaly Afrini hem esasy eýelerine gowşurjakdyklaryny aýdandygyny ýazýar. Habarda Ýyldyrymyň Mugla welaýatynda beren beýanatynda; “Siriýaly, yrakly doganlarymyzyň gam-gussasyny diňdirmek üçin bardyk. Afrini esasy eýelerine; araplara, kürtlere, türkmenlere, zulum çeken doganlarymyza tabşyrarys” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Haber Türk” gazeti “Şimşegiň inflýasiýa baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşegiň gatnaşan teleýaýlymynda; İnflýasiýa aşaklar, men Türkiýäniň şertleriniň gowulanjakdygyna ynanýaryn. Türkiýe býujeti we howplylyk derejesini hem aşakladar” diýendigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Aýlag dartgynlygy Türkiýe-Katar diplomatik we söwda gatnaşyklaryny güýçlendirdi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 45-nji ýylynda iki ýurduň arasndaky gatnaşyklaryň günsaýyn ösýändigini, iýunda başlan dartgynlykdan soň 2017-nji ýylyň ahyryna çenli geçen döwürde Türkiýäniň Katara eden eksportynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä iki esse artandygyny, Türkiýeden Katara eksport edýän firmalaryň sanynyň 2,721-e ýetendeigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe Halkara syýahatçylyk biržasyna “Truwa aty” bilen gider” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmyşyň gatnaşmagyndaky Berlin 52-ni Halkara syýahatçylyk biržasy sergisine “Truwa aty” bilen barjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Antalýa, Stambul, Egeý sebiti we Anadoly sebiti ýaly ýerleriň tanyşdyryljak 3,079 inedördül metrlik giňişlikdäki pawionda Türk howa ýollary bilen 20 syýahatçylyk gullugynyň, 50 myhmanhananyň, 40 jemgyýetçilik guramasynyň, häkimlikleriň orun eýelejekdigini mälim edýär.



Degişli Habarlar