Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

905259
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan Munbije geleris diýdi” söz başyly habarynda Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdoganyň  partiýasynyň TBMM-däki Mejlis toparynda çykyş edendigini ýazýar.

Erdogan çykyşynda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini nygtady we Munbijiň hem terrorçylardan saplanjakdygyny aýtdy.

Erdogan “Biz Munbiji esasy eýelerine gowşurmak üçin geleris”diýdi.

“Star” gazeti “Çawuşogly ABŞ-dan ýekeje zada garaşýarys: terrora goldaw bermesinler” söz başyly habarynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hususy telewideniýe kanalyna beren beýanatynda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat berendigini mälim edýär.

Çawuşogly “Biziň terror guramasy PKK/ÝPG-a garşy geçirýän operasiýalarymyzy tankyt etmäge çalyşýarlar. Biz ABŞ-dan ýekeje zada garaşýarys: Terror guramasyna goldaw bermekden ýüz öwürsinler, ýarag bermesinler we bize böwet bolmasynlar” diýdi.

“Sabah” gazeti “ABŞ-dan Türkiýä yzly yzyna möhüm iki sapar guralar” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň we Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Mak Masteriň Türkiýä sapar gurajakdygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Dünýä sanawynda ilkinji onlukda” söz başyly habarynda Türkiýäniň 564,8 tonnalyk altyn ätiýajy bilen dünýäniň altyn ätiýajy sanawynda ilkinji onluga girmegi başarandygyny habar berýär.

Dünýäniň Altyn geňeşiniň görkezijilerine görä, 2018-nji ýylyň fewral aýyna çenli 8 müň 133 tonna altyn ätiýajy bilen ABŞ sanawda birinji orny eýelemäge dowam edýär..

ABŞ-dan soň 3 müň 373 tonna altyn bilen Germaniýa ikinji, 2 müň 451 tonna altyn bilen Italiýa hem üçünji orny eýeleýär.

“Watan” gazeti “Woleýbolçy gyzlaryň bäsdeşleri belli boldy” söz başyly habarynda Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasynyň 2018 FIBA Dünýä kobugyndaky bäsdeşleriniň belli bolandygyny aýan edýär.

Çempionada ýer eýeçiligini etjek Ispaniýanyň Tenerife şäherinde çekilen bijelere görä, Türkiýe sentýabr aýynyň 22-30-y aralygynda geçiriljek çempionatda B toparynda Awstraliýa, Argentina we Nigerýa bilen bäsleşer.



Degişli Habarlar