Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

900640
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Prezident: Azat Siriýa goşuny Kuwaýi Milliýe ýaly” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Erdogan AK partiýanyň ýygnagynda eden çykyşynda: “Azat Siriýa goşuny öz watanlaryny goramak üçin bir ýere jemlenen, biz tarapyndan goldanýan edil Milli azat edijilik göreşindäki Kuwaýi Milli güýçleri ýaly bir gurluşdyr” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sabah gazedi: “Daşary işler ministri Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär. Gazet telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň Afrin sebitindäki terrorçylary saplamak maksady bilen başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasynda ýetilen soňky sepgitleriň ara alynyp maslahatlaşylandygyny belleýär. Habarda ministrleriň mundan başgada Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilýän Siriýa maslahaty barada pikir alyşandyklary beýan edilýär.

Star gazedi: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleri afrinlilere 3 dilde jebislik çagyryşy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Azat Siriýa goşunynyň goldawy bilen 20-nji ýanwarda bäri alyp barýan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde sebitiň halkyna türk, arap we kürt dillerinde taýarlanan jarnamalary howadan aşak atandygyny habar berýär. Türk ýaragly güýçleriniň howadan paýlan jarnamasynda halka PKK/PÝD we DAIŞ ýaly terror guramalaryna garşy birlikde göreşmek çagyryşy berildi we “Afrin Afinleriňkidir” diýildi.

Watan gazedi: “Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 12 göterim artdy” söz başyly habarynda, berilen maglumata görä geçen ýyl diňe Antalýa howa menziliniň üsti bilen 9 million 738 müň, Gazipaşa howa menzliniň üsti bilen bolsa 10 million 486 müň daşary ýurtly syýahatçynyň Antalýa gelendigini nygtaýar. Gazet şu ýylyň ýanwar aýynda hem Antalýa howa menziliniň üsti bilen gelen syýahatçylaryň sanynyň 29-njy ýanwara çenli 92 müň 413 adama ýetendigine ünsi çekýär. Habarda geçen ýyl ýanwar aýynyň 29-na çenli 82 müň 840 syýahatçynyň gelendigini, bu bolsa 12 göterimlik ösüşi alamatlandyrýandygy ýazylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Bitlisde 1 million dollarlyk gün energiýasy desgasy” söz başyly habarynda, Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabyndaky Nemrut dagynyň eteginde guruljak 20 gektarlyk vere guruljak desga üçin tenderiň geçirilýändigini habar berýär.



Degişli Habarlar