Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

896954
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “ÝPG-e goldawyňyzy bes ediň” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň 2 aý aradan soň ABŞ-niň Prezident Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär. Gazet Trampyň jaň etmegi bilen geçen telefon söhbetdeşliginde Erdoganyň ABŞ-niň PÝD/ÝPG-e ýarag bermegini tankyt edendigini nygtaýar. Habarda terrora garşy göreşde iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçen Erdoganyň: “Terrora garşy göreşiň çäginde ABŞ-e PÝD/ÝPG-e ýarag bermegini bes etmelidir” diýendigi habar berilýär.

Hürriýet gazedi: “Serhet boýunça howpsyz zolak” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň özüne Siriýa serhedi boýunça 30 kilometrlik howpsyz zolak döretmek barada maslahat berendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Çawuşogly Tillersonyň: “Size raketalar bilen hüjüm guralýar. Biz ozaldan 10 kilometrlik zolak bolar diýip pikir edýärdik. Zolagyň 30 kilometr bolmagy, siziň işiňize ýarar. Siriýa serhedi boýunça bolsun, size terrorçylykly hüjüm guralmasyn” diýendigini aýdandygy beýan edilýär.

Haber Türk gazedi: “287 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Baş ştabyň Siriýanyň Afrin sebitindäki Zeýtun şahajygy operasiýasynda 287 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini belländigi aýdylýar.

Sabah gazedi: “Premýer ministr Ýyldyrym: Zeýtun şahajygy operasiýasy meýilleşdirilişi ýaly dowam edýär” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Çankaýa köşgünde Nigeriň Premýer ministri Brigi Rafini bilen duşuşyk geçirendigini habar berýär. Gazet Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAİŞ terrorçylaryny ýok etmek, dost hem-de dogan halky basyşdan we zulumdan halas etmek üçin başladan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda ähli zadyň meýilleşdirilen ýagdaýda dowam edýändigini aýdandygyna ünsi çekýär. Habarda Binali Ýyldyrymyň Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen baglanşykly: "Häzirki wagta çenli 214 nyşana täsirsiz ýagdaýa getirildi. Meýdanda saplaýyş işleri geçirilýär. Sebitiň terrordan PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAİŞ-den dolulygyna saplanýança çenli, ýaragly howpyň ortadan aýrylýança çenli operasiýa dowam eder. Meýilleşdirilişi ýaly dowam edýär, häzirki wagtda hiç hili mesele ýok" diýendigi ýazylýar.  

Star gazedi: “Zeýtun şahajygynyň üstünlikli geçmegi bazara ýaraýar” söz başyly habarynda, Afrindäki Zeýtun şahajygy operasiýasynyň Türkiýäniň ykdysadyýetine oňyn täsir ýetirýendigini belleýär. Gazet Maliýe ministri Agbalyň: “Operasiýa bellenen maksada laýyklykda dowam edýär, olaryň orta çykmagy ykdysadyýete oňyn ýagdaýda täsir ýetirer” diýendigini nygataýar.   



Degişli Habarlar