Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

848679
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe bilen Katar 10 ylalaşyga gol goýdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýadan soň Kuwetdäki saparyny tamamlap Katara barandygyny ýazýar. Gazet Prezident Erdoganyň Katarda ilki bilen Mejlisiň başlygy Mazruk Al Ganim bilen, soň bolsa Şeýh Sabah Al Ahmed Al Jabir Al Sabah bilen duşuşandygyny, Beýan köşkünde geçirilen özara duşuşykdan soň degişli ministrleriň we edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan iki ýurduň arasynda dürli ylalaşyklara gol goýulandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýerli awtoulagda maksat “global üstünlik” söz başyly habarynda, Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Faruk Özlüniň hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada garaýyşlaryny beýan edendigine ünsleri çekýär. Habarda prototipi taýarlanandans soň biz islegleri kabul ederis” diýen ministr Özlüniň: “Global derejede üstünlik gazanmagy nazarda tutýarys, dünýä belli awtoulag öndüreris. Awtoulag senagatyndaky öwrülşik Türkiýe üçin uly mümkinçilik. Markanyň adyny yglan etmek üçin entek ir, dizaýny edeliň, bazara performansymyzy görkezeliň. İň owadan ady goýarys” diýen sözleri çap edilýär.

“Sabah” gazeti “İşsizlikde begendiriji sanlar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat Guramasynyň awgust aýyna degişli el güýjiniň hasabyny çap edendigini ýazýar. Gazet şoňa laýyklykda Türkiýede 15 we ondan ýokary ýaşdakylaryň arasyndaky işsizligiň sanynyň awgust aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deneşdirilende 89 müň adam azalyp, 3,4 milliona çenli azalandygyny we 10,7 göterime barabar bolandygyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Milli Hüržet ilkinji uçuşyny 2022-nji ýylda eder” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awiasiýa pudagynda möhüm başlangyç etmegi meýilleşdirýändigini mälim edýar. Habarda Döwrebap başlangyç tälim uçary “Hürkuşyň” reaktiw görnüşi hökmünde dizaýn edilen “Hüržet” taslamasynda ilkinji synag uçuşynyň 2022-nji ýylda amala aşyryljakdygy nygtalýar. Gazet “Dubai Air Şou 2017-ä” gatnaşan “TUSAŞ-yň” baş müdiri Temel Kotiliň “Hüržetiň” ilkinji synag uçuşynyň 2022-nji ýylda amala aşyryljakdygy, uçaryň bir ýa-da iki hereketlendirijili bolup-bolmajakdygyna karar berilmändigini aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar