Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

842403
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Erdogan Russiýa we Kuweýde gider” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny mälim edýär. Habarda soňky gezek sentýabr aýynda Ankara 1 günlik sapar guran Putin bilen duşuan Erdoganyň 13-nji noýabrda ýaňadandan duşuşjakdygy ýazylýar. Gazet Erdoganyň 1 günlik Soçi saparynda iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny nygtaýar. Gazet Türkiýäniň Prezidentiniň Russiýa saparyndan soň Pars aýlagy krizisine araçylyk edýän Kuweýde sapar gurap, Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmed Al-Jabir As-Sabah bilen duşuşyk geçirjekdigini belleýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Stambulyň täze simwoly” söz başyly habarynda, Erdoganyň Atatürk Medeniýet merkezi taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Erdoganyň 2019-njy ýylyň ilkinji çärýeginde açylmagy meýilleşdirilen Atatürk Medeniýet merkeziniň simwol bir ýer boljakdygyny aýdandygy beýan edilýär. Gazet Atatürk Medeniýet Merkeziniň täze binasy döwrebap arhitekturasy bilen ünsleri özüne çekýändigine ünsleri çekýär. Gazet taslama tamamlandan soň içinde dünýäniň iň akustiki opera zaly, sungat galareýasy, teatr zaly, kitaphana, köp maksatly zal, balet zaly, sergi zaly we restoran ýaly dynç alyş ýerleriniň boljakdygyny aýan edýär.

Sabah gazedi: “700 million dollar Türkiýede galar” söz başyly habarynda, Hattat we Eren Holdingiň arasynda baglaşylan Zetes-Hattat ýerli kömüre geçiş protokolynyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşan Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň elektrik tok önümçiliginde ulanylýan daşary ýurtlardan getirilýän 30 göterimlik kömür mukdarynyň azaldyljakdygyny belläp: “Ýerli önümçilik artýar. Şu ýyl 80 million tonna ýyllyk önümçiligi geçmegi maksat edinýäris. Maksadymyz 2018-nji ýylyň ahyryna çenli 100 million tonna ýetirmek we Respublika taryhynyň iň köp kömür önümçiligine ýetmek” diýendigini nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Türkiýäniň Liwan beýanaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýasy bütewiligiň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we howpsyzlygyň dowamy üçin Liwanyň we Liwanyň halkynyň ýanynda bolmagyny dowam etdirjekdigini nygtandygyny habar berýär. Daşary işler ministrligi Liwanyň Premýer ministri Saad Haririniň wezipesinden çekilmegi bilen baglanşykly: “Türkiýe syýasy bütewiligiň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we howpsyzlygyň dowamy üçin Liwanyň we Liwanyň halkynyň ýanynda bolmagyny dowam etdirer. Dost we dogan ýurt Liwanda Premýer ministr Saad Haririniň wezipesinden çekilmegi bilen baglanşykly başlan wakalar ýakyndan gözegçilik edilýär” diýip belledi.

Star gazedi: “Biržanyň taryhynda ilkinji gezek 115 müň balyň ýokarysynda” söz başyly habarynda, Merkezi bankyň göçümi bilen 3,86 derejä çenli aşaklan dolalryň hümmediniň ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda başdan geçirilýän wiza krizisiniň çözüljekdigi baradaky habarlar bilen bolsa has hem aşaklandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar