Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

813315
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýede ykdysady ösüşde 7 göterime ýeter” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň türk ykdysadyýetiniň ösüş depginine ünsi çekip: “3-nji çärýek golaýda beýan ediler, 7 göterime ýeteris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň sebitinde durnuklylyk adasy, kepillendiriji ýurt bolandygyny nygtan Ýyldyrymyň, türk ykdysadyýetiniň ösüş depginine ünsi çekip; “Türkiýe 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde 5 göterim ösüş etdi. İkinji çärýekdäki ösüş 5,2 göterime barabardy” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Boeing “türkleşer” söz başyly habarynda, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekjiniň “Boeingi” türkleşdirmek isleýändiklerini nygtap: “Diňe bir uçar almak islemeýäris, ätiýaç şaýlaryny öndürmek isleýäris” diýendigini mälim edýär. habarda ministr Zeýbekjiniň “Boeing” kompaniýasynyň wekilleri bilen Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşyk barada: “Boeingiň üpjünçilik pudagyna bap gelýän türk firmalaryny açmak, “Boeingi” türkleşdirmek. Biziň diňe bir uçarlary öndürýän däl, eýsem şol tehnologiýany düşünje we Ylmy-barlag bilen üpjünçilik halkasynyn aýrylmasyz bölegine öwrüljek türk firmalary açylmaly. Bu barasynda olar bilen ylalaşdyk” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Mersinde sitrus önümleriniň eksporty başlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň limon önümçiliginiň esasy bölegini amala aşyrýan Mersin welaýatynda sitrur önümleriniň eksportynyň başlandygyny ýazýar. Gazet ýokary islegiň öndürjileri begendirendigini mälim edýär. habarda Mersiniň geçen ýyl 587 müň tonna limon önümçiligi bilen Türkiýede birinji orny eýeleýändigini ýatladýar.

“Sabah” gazeti “Rulda türkler bar” söz başyly habarynda, 5 kontinentde 193 ýurda eksport edýän Türkiýäniň awtoulag pudagynyň dünýäniň belli firmalaryna ýolbaşçy eksport edýändigini ýazýar. Habarda köp sanly türk ýolbaşçysynyň dünýäniň çar tarapynda ýokary derejeli wezipelerde işleýändigi mälim edýär.

“Star” gazeti “Türkleriň ilkinji atlasy Norwegiýada tapyldy” söz başyly habarynda, Norwegiýanyň milli kitaphasynyň ammarynda uzak ýyllaryň dowamynda saklanan atlasyň türkleriň we musulmanlaryň ilkinji basma atlasy “Jedid Atlasyň Terjimesi” bolandygyny nygtaýar. Gazet kitaphanada işleýän Anders Kwernbergiň 1803-nji ýylda Osman döwletiniň paýtagty Stambulda 50 nusga görnüşinde çykarylan we häzirki wagtda dünýäde birnäçe nusagasy galan atlasyň sosial media arkaly tapylandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar