Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

809876
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Stambul BMG-nyň merkezi bolsun” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň sebitiň merkezi bolmagy ugrunda barha öňe gidişlik edýän Stambulyň şol bir wagtda BMG-nyň merkezi bolmagyny teklip berendigini mälim edýär. Gazet BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine baran Erdoganyň BMG-nyň binasynyň garşysynda guruljak Türkewi binasynyň düýbini tutandygyny belleýär. Habarda Prezident Erdoganyň: “BMG-nyň üýtgän şertlere görä özüni sazlamak üçin özgerdilmegi gerek. Mysal üçin şu ýyl geçirilýän maslahatda hem özgertmek bar, emma bu özgertme biziň düşünişimiz ýaly bir manyda özgertme däl. Esasy BMG-nyň gurluşyndaky özgertmedir” diýendigi ýazylýar. Gazet R.T. Erdoganyň: “Sebitiň merkezi bolmagy ugrunda barha öňe gidişlik edýän Stambulyň şol bir wagtda BMG-nyň merkezi bolmagyny teklip berdik, teklip bereris” diýendigini nygtaýar.

Habertürk gazedi: “Serhet duýduryşy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň 22-nji sentýabrda Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda berk kararlar kabul ediljekdigini aýdanyndan soň, düýn bolsa Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Şanlyurfada duýduryş berip: “Hem Siriýada, hem-de Yrakda birnäçe arzuw-hyýalyň yzynda bolanlar, ol ýerlerde döwlet gurmaga synanyşýanlar milli howpsyzlygmyza howp abandyrjak  islendik herekede şol bada garşylyk görkeziljekdigini bilsinler. Muny her kim bilmeli” diýendigini habar berýär. Gazet Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Şyrnakda Yrak serhedinde 100-e golaý taňk, gaubisa we sowutly ulaglar bilen Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň başlygy Mesud Barzana duýduryş berilýän ýaly harby türgenleşige başlandygyny beýan edýär.

Sabah gazedi: “Türkiýe 5,5 göterimden gowrak ösüş eder” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ýylyň ahyrynda ýurdyň ykdysadyýetiniň 5,5 göterimden ösjekdigini belläp, iş orunlaryny hem şonuň bilen birlikde artdyrjakdyjklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Bütin dünýäniň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösüşini öwýändigini aýdan Binali Ýyldyrym: “Şu günki gün ÝB-ne agza ýurtlaryň metbugat organlary we dünýädäki täsirli guramalar ähli global basyşlara, sebitdäki wakalara, söweşlere garamazdan Türkiýäniň ykdysady ösüşini hekaýa ýaly gürrüň berýär” diýip belledi.

 Star gazedi: “Azykda örän uly fuar” söz başyly habarynda, öz ugrunda dünýäniň iň uly fuary bolmagy maksady bilen guralýan “CNR Food İstanbul” fuarynyň 20-nji sentýabrda öz gapylaryny açjakdygyny malim edýär. Habarda fuaryň ilkinji gezek azyk, gaplama we daşary sarp edijilik pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemlejekdigi bellenýär. Gazet 23-nji sentýabra çenli CNR Expo Ýeşilköý merkezinde öz işini dowam etdirjek fuaryň dünýäniň ägirt uly kärhanalarynyň duşuşyk nokadyna öwrüljekdigini nygtaýar. Gazet pudagyň ady belli markalarynyň 4 günüň dowamynda täze önümlerini sergilejekdiklerini beýan edýär. Habarda ABŞ başda bolmak bilen Germaniýa, Britaniýa we Fransiýa ýaly 45 ýurtdan geljek 1500 firmanyň wekilleriniň fuara gatnaşýan myhmanlar bilen duşuşjakdygy ýazylýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Täze banklar ösýär” söz başyly habarynda, Türkiýede bank pudagyna berilýän ünsleriň barha artýandygyny habar berýär. Gazet Ziraat Katylym we Wakyf Katylym banklaryň pudakdaky boşlugy dolduryp bilendigini beýan edýär. Habarda katylym banklarynyň şahamçalarynyň sanynyň 1000-e golaýlaşandygy, ol ýerde işleýän adamlaryň sanynyň bolsa 14 müň 867 adamdygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şu ýyl 20 göterim ösmegine garaşylýan şolar ýaly banklaryň sanyna beýleki banklaryň hem goşulmagyna garaşylýar. Adabank, Türk tijaret bank we Emlak banklaryň ýaňadandan açylmagy gün tertibinde.



Degişli Habarlar