Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

780498
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

“Hürriýet” gazeti “Ankara MkGorka duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Türkiýäni İdblibde terror guramalaryna goldaw bermekde günäkärlän ABŞ-nyň DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekili Bret MkGorka Daşary işler ministrliginden göniden telefon arkaly reaksiýa bildirilip, ýalňyşyny düzetmegi barada duýdyryş berilendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “ÝEKA-nyň tenderi 3-nji awgustda” söz başyly habarynda, Ýel energesiýasy gaýtadan işlenip bilinýän energiýa serişdeleri üçin 3-nji awgustda tender geçiriljekdigini, Gaýtadan işlenip bilinýän energiýa baş müdirliginiň internet sahypasynda berilen bildirişe görä konsorsiumlar tarapyndan hödürlenen ýüz tutmalar bellenen tertipde seljerildi we tenderiň ýüz tutan firmalaryň ählisiniň gatnaşmagynda geçirilmegi barada netijä gelinendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ters öýe baryp görýänleriň sany rekord derejesine ýetdi” söz başyly habarynda, Antalýanyň Kundu atly syýahatçylyk zolagynda dünýäniň 13-nji, Türkiýäniň bolsa ilkinji ters öýüne baryp görýänleriň sanynyň barha artýandygyny mälim edýär. Gazet  Muratpaşa etrabynyň Güzeloba etrapçasynda mundan 2 ýyl ozal 300 inedördül metr meýdan gurlan ters öýüň, dürli ýurtlaryň raýatlarynyň ünsüni özüne çekýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Depardi türk kinolaryny öwdi” söz başyly habarynda, İtaliýada çap edilýän “Korriera Della Sera” gazetine interwýu beren Gerar Depardiniň şu ýyl 74-njisi geçiriljek Wenesiýa film festiwalynyň kino sungatyna goşýan goşandy barada: “Wenesiýa we Berlin film festiwallary Kandan has uly goşant goşýar. Kan moda şou görkezlişine öwrüldi. Birem oňa şol bir režisýorlar, senaristler çagyrylýar. Belgiýalylar ukyňy getirýär, amerikalylar bolsa samsyk. Emma Türkiýeden we Hytaýdan entegem täsin filmler gelýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Altyn çagalar” söz başyly habarynda, Samsun şäherinde geçirilen 2017 Kerler olimpiadasynda türk milli futbol komandasynyň Ukrainany 4-3 hasabynda utup, çempion bolandygyny, Prezident R.T.Erdoganyň hem gazanylan üstünlik mynasybetli Türkiýe kerler sport federasiýasynyň başlygy Ýakup Ümit Kihtiri gutlandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar