Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

778501
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Aksa buýjanjymyz” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdogan Aksa metjidiniň mukaddesliniň goralmagynyň ähli musulmanlaryň esasy wezipesidigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Erdogan “Ysraýylyň musulmanlary kemsidýän hereketlerinden ýüz öwürmegi dartgynlygyň azaldylmagy taýdan diýseň möhüm, emma ýeterlik derejede däl. Musulmanlaryň Aksa metjidinde Juma namazyny okamagyny gadagan edýän kararyny kabul edilip bilmeris. Resmi Tel-Awiw İýerusalymyň mukaddes ýerlerini haraba öwürmäge synanşýar. Ysraýyl asuda ýagdaýda ýaşamak isleýän bolsa sebitde dartgynlyga sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmalydyr” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Aýlag maýa goýumlary 5 esse artdy” söz başyly habarynda Ykdysadyýet ministrliginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe Türkiýä goýlan daşary ýurtly maýa goýumlar geçen ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 65 göterim artyp 3,6 milliard dollara ýetendigini ýazýar.

Ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde Pars aýlag ýurtlarynyň Türkiýä goýan maýa goýumlary hem 397 göterim artdy we 111 million dollardan 552 million dollara barabar boldy.

“Watan” gazeti “Türk goranyş firmalary 100 firmanyň hatarynda” söz başyly habarynda ASELSAN-yň, TUSAŞ-yň we ROKETSAN-yň goranyş senagaty taýdan iş alyp barýän dünýäniň iň uly 100 firmasynyň hatarynda ýer alýandygyny ýazýar.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Defens Nýus žurnaly her ýyl goranyş senagaty taýdan gazanan girdejilerine laýyklykda dünýäniň iň uly 100 firmasynyň sanawyny taýarlaýar.

Sanawda ýer alýan türk firmalarynyň sany şu ýyl 3-e ýetdi.

Sanawda geçen ýyl 58-nji bolan ASELSAN 1 milliard 195 million dollarlyk girdejisi bilen şu ýyl 57-nji ýeri eýeledi.

Geçen ýyl sanawda 72-nji ýeri eýeleýän TUSAŞ  bolsa 1 milliard 84 million dollar bilen 62-nji ýeri eýeledi.

ROKETSAN hem 364 million dollarlyk girdejisi bilen ilkinji gezek dünýäniň iň uly 100 firmasynyň sanawyna girmegi başardy we 98-nji ýeri eýeledi.

“Sabah” gazeti “Hindistan bilen çarter saparlary başlaýar” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň 30-njy aprelde Hindistana guran saparynyň oňyn netije bermäge başlandygyny habar berýär.

Türk-Hindistan syýahatçylyk geňeşiniň tagallasy netijesinde 2018-nji ýylda iki ýurduň arasynda çarter uçar saparlarynyň başlamagy hakynda karar kabul edildi.

Iki ýurduň arasynda baglaşylan alynky teswirnama laýyklykda Mumbairden we Täze Deliden Bodruma, Dalamana we Antalýada hepde-de bir gezek çarter uçar saparlary guralar.

“Ýeni Şafak” gazeti Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda 5 minutda ýolagçy gatnadýan Ýewraziýa tuneliniň Amerikanyň Ýaşyl binalar geňeşi tarapyndan altyn sertifikat almaga hukuk gazanandygyny mälim edýär.

Ýaşyl bina sertifikady Energetika we daşky gurşaw taýdan dünýäniň iň abraýly sertifikady hökmünde bilinýär.

Ýewraziýa tuneli hem daşky gurşawy we ekoloik deňagramlylygy sebäpli ýaşyl sertifikat alamaga hukuk gazandy.



Degişli Habarlar