Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

772866
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň serhetlerinde terror döwletiniň gurulmagyna asla rugsat berilmez” söz başyly habarynda, Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynyň jemleýji jarnamasynda aýralykçy terror guramasy PKK bilen Siriýadaky şahamçasy PÝD-ÝPG we DAIŞ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda milli howpsyzlyga abanýan howpa garşy hukuk kadalarynyň çäginde görlen çäreler bilen terroryň ortadan aýrylmagy üçin ýurduň içinde we daşary ýurtda alnyp barylýan göreşiň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy. Gazet jarnamada käbir ýurtlaryň Siriýada PÝD-ÝPG terror guramasyna beren ýaragynyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň eline geçendigi hakynda duýduryş berilendigini habar berýär.

Star gazedi: “Türkiýe Ortaýer deňizinde tebigy gaz gaçgaklygyna el goýdy” söz başyly habarynda, Orta Gündogardaky energiýa çeşme söweşlerine Ortaýer deňiz sebitiniň hem goşulandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. Gazet Kipriň Grek böleginiň hökümeti tarapyndan dünýä energetika kärhanalaryna birtaraplaýyn ýagdaýda burawlaýyş işlerine berilen rugsada Türkiýäniň nägilelik bildirendigini beýan edýär. Habarda Türkiýäniň sebite 2 ylmy-gözleg gämisini iberip, oýunda men hem bar diýendigi ýazylýar. Gazet ÝB-e agza 28 ýurdyň ähli tebigy gaz zerurlyklaryny ýeke özüniň ençeme ýyllap üpjün edip biljek ätiýaçlaryň sebitdäki halkara deňagramlylygy üýtgetjek täze bir göçüme eýedigini belleýär.

Sabah gazedi: “ÝB Türkiýä garşy iki ýüzli çemeleşýär” söz başyly habarynda, ÝB-niň Türkiýä garşy beren sözlerini ýerine ýetirmändigini aýdan Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Szijjartonyň: “Ýewropada käbir ýurtlar öz gowşaklyklaryny görkezmejek bolup Türkiýäni tankyt edýär” diýendigini mälim edýär. Gazet Türkiýä garşy edýän hiç bir herekedi makullamaýandyklaryny aýdan Szijjartonyň Türkiýäniň bosgunlar bilen bagly beren sözüniň ählisini ýerine ýetirendigini emma, ÝB-niň beren sözüniň hiç birini ýerine ýetirmändigini aýdandygyny nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “Katardaky türk harby bazasy diňe iki ýurdy gyzyklandyrar” söz başyly habarynda, Kataryň Goranmak ministri Halid Bin Muhammed Al-Atiýýeniň Saud Arabystany, BAE, Müsür we Bahreýiniň ýurdyna garşy bildiren talap sanawynda bar bolan Katardaky türk harby bazasynyň ýapylmagy bilen baglanşykly madda barada: “Ençeme wagt bäri ähli taraplar tarapyndan bilinýän bir bazany biziň ýapmagymyzy isläp bilmezler. Bu diňe iki özygtyýar döwletiň arasyndaky gatnaşyklary gyzyklandyrar” diýendigini habar berýär.

Hürriýet gazedi: “Taryhyň iň gadymy ýylgyryşy” söz başyly habarynda, Gaziantep welaýatyndaky Karakamyş gadymy şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde ýylygyryş smaýlikisi bolan 3700 ýyllyk küýze tapylandygyny mälim edýär. Gazet Karakamyş antika şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edýän Italiýanyň Bolonýa uniwersitediniň mugallymy Prof.Dr. Nikolo Marçettiniň: “Karakamyşda şu ýyla çenli esasan hem Demir döwrüne, Giçki Hitit döwrüne degişli galyndylar tapyldy. Emma şu ýyl Hititler imperiýasyna degişli tabaklar tapyldy” diýendigini belleýär. Habarda Marçettiniň: “Nekropol meýdanynda dürli-dürli gaplar tapyldy. Olaryň iň täsini bolsa B.e. öňki 1700 ýyla degişli ýüzünde ýylgyryş suratlandyrylan küýze tapyldy. Bu dünýäniň iň köne ýylygyryşy bolup biler” diýendigi nygtalýar.



Degişli Habarlar