Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

762014
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Azatlygyň duşmanlary” söz başyly habarynda, Türkiýä garşy azatlyklar we adam hukuklary babatynda iki ýüzlüligini dowamly ýagdaýda görkezýän Germaniýanyň täze bir skandal ýüze çykarandygyny mälim edýär. Gazet resmi Berliniň G-20 maslahaty üçin Germaniýa gitjek Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň ol ýerde ýaşaýan türkler bilen duşuşmagyny islemändigini habar berýär. Habarda mesele bilen baglanşykly Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň käbir nemes syýasatçylarynyň öjükdiriji we betniýetli beýanatlarynyň kabul edilmejekdigini aýdandygy bellenýär. Gazet Daşary işler ministrliginiň bolsa: “Nemesleriň içerki hasaplaşmalaryny berk ýazgarýarys” diýen bolsa, ÝB ministri Ömer Çeligiň: “Bu pozisiýa azatlyklaryň goragçysy hökmünde dälde, azatlyklara hormatsyzlygyň görkezijisi ýagdaýda taryhyň sahypalaryna geçdi” diýendigini nygtaýar.

Star gazedi: “Yzyna gaýtarylyp berilmegine Merkel böwet boldy” söz başyly habarynda, Gresiýadan yzygiderli ýagdaýda yzyna gaýtarylyp berilmekleri islenýän Fetullahçy terror guramasyna agza 8 huntaçynyň Germaniýanyň goraýandygynyň ýüze çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Afiny hökümeti huntaçylary yzyna bermek barada karar kabul etdi” diýen Gresiýanyň hökümediň başyndaky Syriza partiýasynyň türk deputaty Mustafa Mustafanyň Germaniýanyň karara böwet bolandygyny aýdandygyny beýan edýär. Habarda ykdysady krizisiň Gresiýany Germaniýanyň bir welaýaty ýagdaýyna öwürendigini aýdan Mustafanyň: “FETÖ-jileriň yzyna berilmegine Berlin böwet boldy. Türkiýäniň basyşlaryna çydap bilemzokdyk, emma yzyna gaýtaryp beren bolsak Germaniýany binjalyk etjekdi” diýendigi ýazylýar.

Habertürk gazedi: “Bu bir final konferensiýasydyr” söz başyly habarynda, Şweýsariýanyň Krans-Montana şäherinde geçirilýän Kipr konferensiýasynyň ikinji gününde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň metbugat işgärlerine beýanat berendigini habar berýär. Gazet bu konferensiýanyň final häsýetindedigini aýdan Çawuşoglynyň: “Kiprde çözgüt bolýan bolsa bolsun, bolmaýan bolsa muny uzatmagyň manysy ýok” diýendigine ünsi çekýär.

Watan gazedi:: “Bogzalar üpjünçilik merkezi bolar” söz başyly habarynda, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslanyň türk bogazlaryndan dowamly ýagdaýda geçýän gämileriň garaşma wagtlarynyň 2 günden 7 güne çykarylmagyny öz düzüminde jemleýän etabyň ýakynda wagtda tamamlanjakdygyny aýdandygyny beýan edýär. Gazet Arslanyň iň gysga wagtda ýola goýulyp sebitiň ýangyç üpjünçilik merkezi ýagdaýyna öwrülmeginiň öňüniň açyljakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

Hürriýet gazedi: “2017-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda syýahatçylaryň sany 460 müň adam artdy” söz başyly habarynda, syýahatçylygyň şu ýyl barha artyp barýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýä geçen ýylyň ilkinji 5 aýynda 8 301 933 turist gelen bolsa, şu ýyl 8 762 509 turistiň gelendigini belleýär. Gazet Russiýadan gelen syýahatçylaryň sanynda 571 göterimlik ösüş bolandygyny nygtaýar. Habarda şu ýylyň ilkinji 5 aýynda Russiýadan 928 376 turistiň gelendigi, Gruziýadan bolsa 875 müň adamyň gelendigi ýazylýar. Gazet şu ýyl Ukrainadan, Azerbaýjandan we Eýrandan gelen syýahatçylaryň sanynda hem artyş bolandygyny habar berýär.



Degişli Habarlar