Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

758549
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Ýa ýaraglary gömerler ýa-da özleri gömülerler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Ankaranyň Kahramankazan etrabynda daýhanlar bilen bile gatnaşan agzaçar programasynda terrora garşy göreş meselesiniň üstünde durup geçendigini habar berýär. Gazet Erdoganyň: “Sebitimizdäki krizisleri ýurdumyza ýetirmek isleýänleriň maksatlaryny özlerine goýarys. Terrorçylary hem ýurdyň öz içindäki hem-de daşary ýurtlardan hinlerinde tapyp, ýok edip, bu hapa oýuny hem bozarys. Tendürekde, Judide, Gabarda, Bestler Derelerde ýok edýäris, ýok etmegimizi dowam etdireris we olar ýaraglaryny gömýänçälere çenli biz olary gömeris. Şolar ýaly Kandilede elimiz ýeter, elimizi ýetireris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Watan gazedi: “ABŞ yza ädim etdi: ÝPG-däki ähli ýaraglar alynar” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Mattisiň Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşyga hat iberendigini mälim edýär. Gazet ABŞ ozal aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG berilen ýaraglaryň alynmajakdygyny aýdan bolsa, bu gelen hatda yza ädim edilip: “Ýaraglaryň sanawy Türkiýä hem beriler. Rakkanyň DAIŞ-den saplanmak operasiýasyndan soň ählisi ýygnanar” diýendigini beýan edýär.

Sabah gazedi: “Türk esgerler Katarda” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Kataryň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda harby tälim, harby hyzmatdaşlyk we harby bölüm ýerleşdirmegiň çäginde 5 sowutly ulag we 23 harby Doha barandygyny belleýär. Gazet iki ýurdyň arasyndaky baglaşylan şertnamanyň 7-nji iýunda gol çekilendigini, Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň hem şertnamany tassyklandygyny nygtaýar. Habarda Katarda ozal 88 türk esger bolan bolsa, goşmaça güýçleriň barmagy bilen Katardaky türk esgerleriniň sanynyň 111-e ýetendigine üns çekilýär.

Haber Türk gazedi: “Türk Akymynyň gurluşygy 6 milliard dollara ýeter” söz başyly habarynda, Russiýanyň iň uly tebigy gaz öndürijisi Gazpromyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Andreý Kruglowyň Türk Akymy tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň iki liniýasynyň gurluşygyna 6 milliard dollar çykmagyna garaşylýandygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet ilkinji turba bilen Türkiýä, ikinjisinde bolsa Ýewropa tebigy gaz eksport ediljekdigini, taslamanyň gurluşygynyň bolsa 2019-njy ýylyň ahryna çenli tamamlanmagyna garaşylýandygyny ýazýar.

Hürriýet gazedi: “Biržada irki baýram” söz başyly habarynda, soňky 6 aýda ösüşini dowam etdiren we yzly-yzyna rekord goýan Birža Stambulyň baýramynyň ir başlandygyny mälim edýär. Gazet şu ýyl 28 göterim ösüş edip, dünýäniň iň köp gazandyran biržalarynyň biri bolan Stambul biržasynyň düýn 0,69 göterim ösüş edip 100072 bal bilen ýapylandygyny we taryhy ýapylyş rekordyna eýe bolandygyny belleýär.



Degişli Habarlar