Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

757815
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Ilkinji zyýarat şehitlere” söz başyly habarynda, FETÖ-niň 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygynyň 1 ýylynda çäreleriň geçiriljekdigini mälim edýär. Habarda 11-nji iýulda başlajak çärelerde ilki bilen şol gün şehit bolan adamlaryň guburyna zyýarat ediljekdigi bellenýär. Gazet çäreleriň 16-njy iýula çenli dowam etjekdigini, 15-nji iýuldan 16-njy iýula baglaýan gije bolsa Ankarada we Stambulda adamlaryň gatnaşmagynda nobata duruljakdygyny habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýe Gazany ýalňyz goýmaýar” söz başyly habarynda, remezan aýy boýunça Gaza her dürli goldaw berýän Türkiýäniň birnäçe gün ozal iberen 10 müň tonnalyk Şefkat atly gämisiniň Ysraýylyň Aşdod portyna barandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet gämide 50 müň azyk gutusynyň, 5 müň tonna unyň, 100 tonna keksiň we biskwitiň, 50 müň egin-eşigiň, 1 müň sany baýramçylyk egin-eşiginiň, 18100 sany oýunjagyň, 32 müň kanselýar harydynyň we 1010 sany tigiriň bardygyny nygtaýar.

Sabah gazedi: “Ministr Albaýrak siriýaly ýetim çagalar bilen agzaçara gatnaşdy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň Ankarada guralan agzaçar programasynda siriýaly ýetim çagalar bilen duşuşandygyny beýan edýär. Gazet agzaçar programasyndan soň Albaýragyň ýetim çagalara sowgat berip, söhbet edendigine ünsi çekýär.

Watan gazedi: “Tomus dynç alyşy üçin wariantlar” söz başyly habarynda, tomus möwsüminiň gelmegi bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň syýahatçylyk wariantlaryny gözden geçirýändiklerini habar berýär. Gazet internetde iň köp gözlenen ýerleriň arasynda Gara deňiz sebitiniň Sümela manastyrynyň, Uzungöl ýaýlagynyň, Aýder ýaýlagynyň, meşhur Osmanly arhitekturasynyň nusgalaryndan biri bolan Safranbolu öýleriniň bardygyny belleýär. Gazet deňiz, gum we gün isleýänler üçin bolsa Ortaýer deňizi we Egeý deňizi sebitleriniň öň hatara çykýandygyny nygtaýar.

Haber Türk gazedi: “UEFA-dan Galatasaraýa uly mertebe” söz başyly habarynda, UEFA-yň 1955-2017-nji ýyllar aralygynda Ýewropanyň iň güýçli 30 komandasynyň sanawyny mälim edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet sanawda Türkiýeden Galatasaraý komandasynyň bardygyny we toparyň sanawyň 19-nji ornundadygyny beýan edýär. Habarda sanawyň birinji ornunda Real Madrid, ikinji ornunda Bawariýa Mýunhen we üçünji ornunda bolsa Barselona toparynyň bardygy aýdylýar.



Degişli Habarlar