Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

753998
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Türk halkyna minnetdardyrys” söz başyly habarynda, Kataryň Türkiýedäki ilçisi Salim Mübarek El Şafiniň käbir Pars aýlagy ýurtlarynyň we Arap ýurtlarynyň alan kararlarynyň we Türkiýäniň bu etapda berýän goldawynyň üstünde durup geçendigini mälim edýär. Gazet Prezident Erdoganyň ýurdyna berýän goldawynyň we bu dartgynly etapdaky pozisiýasynyň örän wajypdygyny aýdan El Şafiniň Türkiýe bilen bilelikde döredilen toparyň saýasynda gyssagly we gündelik zerurlyklary bilen üpjün edilýändiklerini belläp: “Türk halkyna minnetdardyrys” diýendigini belleýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Gaza baýram sowgady” söz başyly habarynda, dünýäniň ençeme ýurdyna goldaw berýän ýurt bolan Türkiýäniň berýän goldawlaryny baýramdan ozal hem dowam etdirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda soňky gezek 4-nji iýunda Somala “Umydy bol” atly ynsanperwer kömek gämisini iberen Türkiýäniň Palestinany hem ýatdan çykarmandygy nygtalýar. Gazet Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň ýolbaşçylygynda Gaza 15 tonnalyk ynsanperwer kömek alyp gitjek gäminiň ertir ýola çykjakdygyny beýan edýär.

Haber Türk gazedi: “Türkiýe-Saud Arabystany Medeniýet ýyly üçin start berildi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň 2017-2018-nji ýyllary ikitaraplýayn ýagdaýda Medeniýet ýyly hökmünde yglan etmegine garaşylýandygyny habar berýär. Gazet ýurtlaryň minstirlikleriniň bilelikde işleşjekdiklerini we ýylyň dowamynda iki ýurtda festiwallar bilen birlikde, konsertler, sergiler, sahnalar ýaly dürli-dürli çäreleri geçirjekdiklerine ünsi çekýär.

Sabah gazedi: “Iki aýda 817 müň iş orny” söz başyly habarynda, şu ýylyň ilkinji çärýeginde 5 göterim bilen G20 we Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasynyň ortaça görkezijisinden iki esse köp ösüş eden Türkiýäniň Prezident R. T. Erdoganyň 7-nji fewraldaky çagyryşyna laýyklykda fewral aýynda 284 müň täze iş oruny döredilen bolsa, mart aýynda şol sanyň 533 müňe ýetendigini mälim dýär. Gazet şeýlelik bilen iki aýda jemi 817 müň täze iş ornunyň döredilendigini belleýär. Habarda mart aýynda günde ortaça 17192 adamyň iş bilen üpjün edilendigi ýazylýar. Gazet Türkiýäniň Hasabat guramasy tarapyndan berilen beýanata görä ýanwar aýynda 13 göterim bilen 7 ýylyň iň ýokary derejesine eýe bolan, fewral aýynda 12,6 göterime çenli azalan işsizligiň mart aýynda 11,7 göterim bilen 7 aýyň iň pes derejesine aşaklandygyny nygtaýar.

Watan gazedi: “Kiçijek dälde, milliardlyk kärhanalary isleýäris” söz başyly habarynda, Birža Stambulyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Himmet Karadagyň uly ölçegli kärhanalary höweslendirmek üçin biržanyň normatiwlerine üýtgeşiklikler girizendiklerini we tassyklanmagy üçin Maýa goýum bazar geňeşine hödürländiklerini aýdandygyny habar berýär.



Degişli Habarlar