Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

745935
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Rakka başlady” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Siriýada ozaldan meýilleşdirilen Rakka operasiýasynyň 2-nji iýundan 3-nji iýuna geçilen gije başlandygyny aýdandygyny habar berýär. Gazet Binali Ýyldyrymyň: “ABŞ operasiýanyň başlanjakdygyny öňünden habar berdi. ABŞ-nyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD/ÝPG-e goldaw bermegi bilen baglanşykly Ankaranyň ynjalyksyzlygy ýetirildi. ABŞ operasiýadan soň PÝD/ÝPG bilen gatnaşyklaryny uzak möhletli dowam etmejekdigini, taktiki bir hyzmatdaşlykdygyny aýtdy we Türkiýä kepillik berdi” diýendigini beýan edýär.  

Star gazedi: “Gabrielden PKK çarhy” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasy we aýralykçy terror guramasy PKK-a gujak açan Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabrieliň şu gün Türkiýä gurajak saparyndan ozal pikirini üýtgedip beýanat berendigini mälim edýär. Gazet Sigmar Gabrieliň Bild am Sonntang gazedine beren interwýusynda: “Türkler bizden PKK-a garşy has berk bolmagymyza garaşýar. PKK bizde hem gadagan bolan bir gurama. PKK-nyň maliýe çeşmeleriniň ýok edilmegi we olara Germaniýanyň topraklarynyň çäginde hereket edip bilmezligi hökümedimiziň hem bähbidinedir. Bu Türkiýäniň edýänleriniň dogrulygyny görkezýär” diýendigini ýazýar.  

Sabah gazedi: “Gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň täzelenmegi 1,3 göterim girdeji getirer” söz başyly habarynda, ÝB bilen Türkiýäniň 13-nji iýunda Gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň täzelenmegi üçin gepleşikler geçirjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ÝB Türkiýe delegesiýasynyň başlygy ilçi Kristian Berger ylalaşygynyň täzelenmeginiň Türkiýäniň ösüşini 1,3 göterim artdyrjakdygyny aýdandygyny belleýär. Habarda Bergeriň Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň 25-nji maýda Brýussele guran saparynyň ÝB-Türkiýe gatnaşyklarynda täze bir döwüriň başlangyjydygyny aýdandygy nygtalýar.

Ýeni Şafak gazedi: “Somali gämisi ýola çykdy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň buýrugy bilen başlanan Umydy bol kampaniýasynyň çäginde Türk ýarym gyzylaýynyň, AFAD-yň we TIKA-nyň gurnamagynda Somala 13 müň tonnalyk azyk we ynsanperwer kömek alyp gitjek Sebat atly gäminiň Mersinden ýola çykandygyny habar berýär. Gazet Wise-premýer Weýsi Kaýnagyň her gün müňlerçe adamyň ýogalýan Afrika Türkiýedäki doganlarynyň azyk dälde, söýgi we dostlyk iberendigini habar berýär.

Haber Türk gazedi: “Bollywudyň öňüni ýapýarys” söz başyly habarynda, Golliwud başda bolmak bilen Hindistanyň Bolliwud we Eýran kinomotografiýa pudagynyň meşhur režissýorlarynyň uly býujetli filmler we seriallar üçin Türkiýäni saýlaýandyklaryny mälim edýär. Habarda geçen ýyl Türkiýede 30-dan gowrak daşary ýurt filmleriň we seriallaryň düşürilendigi, şol sany şu ýyl 50-den hem geçmegine garaşylýandygy ýazylýar. Gazet Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Russiýa bilen taýarlanjak filmlere we seriallara goldaw beriljekdigini belländigine ünsi çekýär.


Etiketkalar: #Hürriýet , #gazet , #PKK , #Rakka , #Ankara

Degişli Habarlar