Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

734901
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdogan Siriýa meselesinde gapymyzy kakarlar” diýdi söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp bilen Ak Tamda bolan duşuşygy hakynda Türkiýäniň Waşingtondaky ilçihanasynda metbugata beýanat berendigini ýazýar.

Prezident Erdogan  beýanatynda “ABŞ-nyň Siriýada terror guramasy PÝD bilen hyzmatdaşlyk etmegi asla kabul edilip bilinmez”diýdi.

Erdogan “Men Siriýa meselesinde gapymyzy kakjakdyklaryna ynanýaryn. Rakkany gabaw astyna alypdyrlar. Nämeler boljakdygyny göreris. Emma Türkiýe şol etapda ýer alar. Türkiýe Siriýada we Yrakda bolar. Türkiýäni çetleşdirip bilmezler. Ýakynda geçiriljek NATO-nyň maslahatynda hem terror meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys” diýip belledi.

“Star” gazeti “Guterreş dünýä 5-den uludyr şygaryna goldaw berdi” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň birnäçe ýyldan bäri nygtaýan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň statusy meselesi üçin “Dünýä 5-den uludyr” şygaryna BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň goldaw berendigini ýazýar.

BMG-nyň Baş sekretary Suterreş Fransiýanyň Strazburg şäherinde geçirlen Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda “BMG-nyň has täsirli bolmagy üçin BMG-nyň düzümine üýtgetme girizilmeli. Agza ýurtlaryň halklarynyň ynamyna girmelidiris”diýdi.

“Sabah” gazeti “Türk firmalarynyň daşary ýurtlardaky maýa goýumlarynyň mukdary 10 esse artdy”söz başyly habarynda türk firmalarynyň daşary ýurtlardaky maýa goýumlarynyň 15 ýylda 10 göterim artandygyny mälim edýär.

Türk firmalary daşary ýurtlardaky maýa goýumlary arkaly 10 ýylda 28 milliard dollarlyk girdeji gazandy.

“Hürriýet” gazeti “Moskwada türk festiwaly” söz başyly habarynda Türkiýäniň medeni gymmatlygy bilen birlikde syýahatçylyk taýdan ýakyndan tanalýan ýerleriniň Russiýanyň paýtagty Moskwada geçiriljek Türkiýe festiwalynda ýakyndan tanyşdyryljakdygyny ýazýar.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bereginde Türkiýäniň Myhmanhanaçylar federassiýasy, Türkiýäniň syýahat agentlikleri, Türkiýäniň syýahatçylyk jemgyýeti we Türk-rus işewür adamlary birleşmesiniň goşandygy bilen iýun aýynyň 16-18-i aralygynda geçiriljek festiwalyň iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklara goşant goşmagy maksat edinilýär.



Degişli Habarlar