Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

725616
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Habertürk” gazeti “Rus syýahatçylarynyň 1/3 bölegi Türkiýede dynç alýar” söz başyly habarynda Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösýändigini ýazýar.

Prezident R. T. Erdoganyň Russiýa guran saparynyň çäginde Siriýa, terror, ykdysadyýet, eksportdaky bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy, Türkiýede ýadro desgasynyň gurulmagy we syýahatçylyk ýaly birnäçe mesele giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň rus syýahatçylary taýdan esasy ýurtlardan biridigini nygtady.

Rus lideri Putin rus syýahatçylarynyň 1/3 böleginiň Türkiýede dynç alýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

22-nji maýda Stambulda geçiriljek Garadeňiz ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty hem Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine itergi berer.

“Watan” gazeti “Türkiýe bilen Russiýa birlikde ýarag öndürer” söz başyly habarynda Türkiýe bilen Russiýanyň  arasyndaky harby gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny mälim edýär.

Türkiýäniň Russiýadan S-400 kysymly howadan goranyş ulgamyny satyn almagy meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Prezident Erdogan bilen rus kärdeşi Wladimir Putin Soçide  rus ýarag öndürijisi Rosoboronexportyň türk hyzmatdaşlary bilen birlikde ýarag öndürmegi meselesi hakynda pikir alyşdy.

Iki ýurt maý aýynyň 9-12-i aralygynda Stambulda geçiriljek Halkara goranyş senagaty sergisi IDEF 2017-de  hem döwrebap harby enjamlaryny sergilär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk polis merkezine guralan hüjümi daşary ýurtly terrorçylar gurapdyr” söz başyly habarynda Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Sinjar dagyna we Siriýanyň demirgazyk gündogaryndaky Karaçok dagy etrapçalaryndaky polis merkezine geçen hepde guralan hüjümiň daşary ýurtly terrorçylar tarapyndan guralandygynyň anyklanylandygyny ýazýar.

Geçen hepde guralan howa hüjüminde 200 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýazýan gazet, hüjümde Amerikada we Fransiýada öndürlen ýaraglaryň ulanylandygyny ýatladýar.

“Sabah” gazeti “Terrorçylar dowla düşdi” söz başyly habarynda Türk ýaragly güýçleri tarapyndan uly zarba urlan terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-nyň Amerikanyň, Russiýanyň we Siriýanyň baýdaklaryny götermäge başlandygyny ýazýar.

Türkiýä garşy Munbiçdäki düşelgesine Amerikanyň baýdagyny diken ÝPG, Hataýyň  garşysyndaky Afrin etrabynda hem Siriýanyň baýdagyny dikdi.


Etiketkalar: #metbugat , #syn , #gazet

Degişli Habarlar